Prezident R. T. Erdogan ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde toparara gepleşiklerden soň liderler derejesinde geçiriljek gepleşikleriň parahatçylyk etabyna uly goşant goşjakdygyny aýtdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen habara göra, Prezident R. T. Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Erdogan Stambul şäherinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň atyşygyň bes edilmegi taýdan möhümdigini nygtady.
Erdogan, parahatçylyk üçin amatly şertiň döredilmegi taýdan liderler derejesinde gepleşikleriň geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Maý aýynda Stambulda başlan toparara gepleşikleriň dowam etdirilmegine goldaw berýändiklerini aýdan Erdogan, gepleşiklerde gazanylan ylalaşyga laýyklykda ýesirleriň çalşylmagyna kanagatlanma bildirýändiklerini belledi.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň Kiýew bilen Moskwanyň arasynda adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 16-njy maýda Stambulda geçirlen gepleşiklerde taraplar 1000 ýesiriň çalşylmagy we gepleşikleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşyk gazanypdy.
Russiýa bilen Ukrainanyň maý aýynda geçirlen gepleşiklere kanagatlanma bildirmeginden soň iýun aýynda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi üçin taýarlyk görülýär.