21 آوریل 2025
Watikan duşenbe güni çap eden wideosy bilen Rim Katolik buthanasynyň ilkinji latyn amerikaly lideri bolan Papa Fransiskiň aradan çykandygyny habar berdi. Bu ýitgi Papa buthanany ýaňadandan guramaga synanyşan mahaly bölünşik we dartgynlyk, ýygy-ýygydan tolgunşykly geçen bir döwüri ýapdy.
Watikan kamerlengosy kardinal Kewin Ferrell: “Şu gün irden sagat 07:35-de Rimiň ýepiskopy Fransisk, Atanyň öýünde aradan çykdy. Tutuş ömrüni Taňra we buthana hyzmat etmek üçin bagyş etdi” diýdi.
88 ýaşyndaky Rim papasy Fransisk, 12 ýyllyk papalygy döwründe dürli saglyk kynçylyklaryny başyndan geçirdi.