Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiyäniň iň möhüm strategiki maksatlarynyň biri, Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky häzirki şertnamanyň dowam etdirilmegini üpjün etmek we sebitde dowamly parahatçylyga howp salýan ýaraşyk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almakdygyny aýtdy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan duşenbe güni Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi bilen Ankarada geçiren duşuşygyndan soň eden çykyşynda, Ankara bilen Londonyň möhüm meselelerde umumy maksatlary bolan iki strategiki hyzmatdaşdygyny aýtdy.
Hakan Fidan: “Ýewropa Bileleşigine agza bolmaýan, emma Ýewropa bilen güýçli gatnaşyklary bolan NATO agza bolan iki ýurtdurys” diýdi.
Fidan iki ýurduň ykdysadyýet, goranmak we tehnologiýa ýaly ugurlardaky güýçli hyzmatdaşlygyna ünsi çekip: "Häzirki wagtda daşary söwda mukdarymyz 30 milliard (dollar) maksadyna yetip barýar" diýdi.
Erkin söwda ylalaşygyny täzelemek
Hakan Fidan: “Bu, hakykatdanam, soňky ýyllarda uly tutanýerlilik bilen alyp barýan maksadymyz” diýdi.
Bu meselede iki ýurduň hem möhüm tagallalary edendigini aýdan Hakan Fidan, bar bolan Erkin Söwda Ylalaşygynyň täzelenmeginiň söwda we maýa goýum mümkinçiliklerine ýol açmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.
Goranmak pudagynda alnyp barylýan işlere ünsleri çeken Fidan: "Goranmak pudagyndaky hyzmatdaşlygymyz diýseň gowy gidýär. Eurofighter uçarlarynyň üpjünçiliginden başlap, beýleki ugurlardaky bilelikdäki işimize çenli kompaniýalarymyz we degişli edaralarymyz bu ugurda gowy işleýärler" diýdi.
Fidan iki ýurduň daşary syýasatynyň perspektiwalarynyň Gazadaky, Siriýadaky, Eýrandaky, Yrakdaky we Russiýa-Ukraina konflikti ýaly köp sanly global meseläniň üstünde durýandygyny belläp, iki tarapyň hem Moskwa bilen Kiýewiň arasynda ýaraşygy goldaýandygyny aýtdy.
Eýran-Ysraýyl meselesi
Eýran-Ysraýyl çaknyşygy barada ýene-de bir gezek çykyş eden Fidan: "Eýran bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşygy dowam etdirmek, ýaraşygy bozmazlyk we dowamly parahatçylyga gaýdyp gelmek häzirki wagtda iň uly strategiki maksatlarymyzyň biridir" diýdi.
Fidan: “Beýleki tarapdan bolsa, Gazadaky pajygany gysga wagtda bes etmek, ýaraşyk şertnamasyna gol çekmek we bu meseläni iki döwletiň çözgüdi esasynda çözmek möhümdir” diýip nygtady.
Fidan, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Siriýa garşy sanksiýalary ýatyrmak karary üçin Lamma minnetdarlyk bildirdi.
Hakan Fidan: "Şeýle hem, ýakyn wagtda Siriýa gitjekdiklerini aýtdylar. Bu hakykatdanam biziň üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry" diýdi we Siriýadaky durnuklylygyň we howpsuzlygyň diňe bir sebite däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiligine hem peýdaly boljakdygyny aýtdy.
Fidan: "Bu mesele boýunça bilelikde işlemegi dowam etdireris" -diýdi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem Lammini Ankaradaky Prezident Kompleksinde kabul etdi.