ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ABŞ-nyň Siriýanyň täze hökümetini ykrar etmek meselesini ýarany Ysraýyl bilen ara alyp maslahatlaşmandygyny aýtdy.
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Al Şaranyň administrasiýasyna şübheli garaýan Ysraýylyň tutumyna garamazdan şeýle kararyň kabul edilmegi ünsleri özüne çekdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, 4 günlük Ýakyn Gündogar saparyndan soň “Air Fors One” da metbugata beýannama berdi.
Tramp “ Bu meseläni olar bilen maslahatlaşmadym. Munyň dogry karar bolandygyny pikir etdim. Bu karara hoşallyk bildirildi we öwgüli sözler aýdyldy. Biz Siriýanyň üstünlik gazanmagyny isleýäris” diýdi.
Tramp sişenbe güni beren beýannamasynda, Şara bilen duşuşmazdan öň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça görkezme berjekdigini nygtady. Bu syýasy taýdan möhüm özgerlişik hökmünde analiz edilýär.