Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa, Moskwaly ýolbaşçynyň jedelleşikli sözlerinden soň TASS habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Russiýanyň Garabagy Azerbaýjanyň territoriýasy hökmünde ykrar edýändigini aýtdy.
Zaharowa, “Russiýa, şol sebiti resmi taýdan Azerbaýjanyň territoriýasy hökmünde ykrar edýär”diýdi.
Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Wladimir Medinskiniň Garabagyň tarhy, sosial we medeni gurluşy hakynda beren beýannamasy berk tankyt edilipdi.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, Medinskiniň Garabagy “Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda jedelleşikli sebit” hökmünde häsiýetlendirmegine berk garşylyk görkezdi.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, Russiýanyň Ukraina bilen geçiren soňky gepleşiklerine ýolbaşçylyk eden Medinskini taryhy hakykatlary ýoýmakda günäkärledi.
Zaharowa, Medinskiniň “diňe ýaragly çaknyşyk bilen baglanşykly tragediýa barada öz pikirini beýan edendigini”nygtady.
Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky gatnaşyklar 1991-nji ýylda Ermenistanyň harby goşunynyň halkara jemgyýetçigi tarapyndan Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen Garabagy we töweregindäki 7 sebiti basyp almagy bilen dartgynlaşdy.
Azerbaýjan 2020-njy ýylyň güýz aýlarynda 44 gün dowam eden çaknyşyklaryň netijesinde birnäçe şäheri we obany ermeni basyp alyşlygyndan halas etdi.
Taraplaryň arasyndaky söweş Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen atyşyň bes edilmegi bilen tamamlandy we gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin gepleşikler başlady.