TÜRKIÝE
1 minut okamak
Fidan we Putin Ukraina parahatçylyk tagallalaryny we ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
Habar çeşmeleri duşuşygyň duşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 19:30-da başlandygyny we takmynan 1 sagat dowam edendigini habar berdiler.
Fidan we Putin Ukraina parahatçylyk tagallalaryny we ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
May 27, 2025

Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutanynyň arasynda geçirilen duşuşyk takmynan bir sagat dowam etdi, bu duşuşykda Stambulda başlan parahatçylyk tapgyry we Ukrainadaky soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk diplomatik çeşmeler tarapyndan berlen maglumatara görä Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan kabul edildi.  

Habar çeşmeleri duşuşygyň duşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 19:30-da başlandygyny we takmynan 1 sagat dowam edendigini habar berdiler.

Duşuşykda Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky urşy bes etmek bilen bagly soňky başlangyçlar bilen birlikde 16-njy maýda Stambulda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinden soň başdan geçirlen wakalar ele alyndy.

Putin we Fidan şol bir wagtda ykdysadyýet we energetika ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada maslahatlaşdylar.

Hakan Fidan ondan öň bolsa Moskwanyň Kiýew bilen geçirýän gepleşiklerinde baş geňeşçi bolan Wladimir Medinskiý bilen duşuşyk geçiripdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us