Prezident Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň halkara sport çärelerini guramakda gazanan tejribesi we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän infrastrukturasy bilen Olimpiýa Oýunlaryna ýer eýeçiligine doly taýýardygyny aýtdy.
Erdogan bu beýanaty penşenbe güni, Ýewropanyň Futbol Federasiýalarynyň Bileleşigi UEFA-nyň Stambuldaky täze ofisiniň açylyş dabarasynda berdi. Bu ofis Türkiýäniň Italiýa bilen bilelikde ýer eýeçiligini etjek Euro-2032 Ýewropa Futbol Çempionatyna görülýän taýýarlyklarynyň çäginde açyldy.
Erdogan dabarada eden çykyşynda Türkiýäniň uly halkara futbol bäsleşiklerini guramakdaky başarjaňlygyny birnäçe gezek subut edendigini aýtdy. Ol ýurduň “Olimpiýa oýunlaryna hem-de beýleki ähli global sport çärelerine ýer eýeçiligini etme ukybynyň artýkmajy bilen bardygyny” nygtady.
Prezident, Türkiýäniň ynamdar we tejribeli ýer eýesi hökmünde abraýynyň artýandygyny belledi hem-de UEFA bilen uzak wagtdan bäri dowam edýän hyzmatdaşlygyna, Stambulyň bolsa ýokary derejeli futbol duşuşyklary üçin ýygy-ýygydan saýlanyp alynýandygyna ünsi çekdi.
UEFA-nyň ofisi – Türkiýäniň Ýewropa futbolyndaky pozisiýasyny güýçlendirýär
UEFA-nyň Stambulda ofis açmak hakyndaky karary, Türkiýäniň Ýewropa futbolynda we dünýä derejesindäki sport çärelerinde artýan pozisiýasynyň alamaty hökmünde kabul edilýär. Bu ofis, Türkiýe bilen Italiýanyň bilelikde geçirjek Euro-2032 futbol çempionatynyň guramaçylygynda we utgaşdyrylmagynda merkezi rol oýnar.
Prezident Erdogan gatnaşyjylara Türkiýäniň soňky ýyllarda ýer eýeçiligini eden dürli UEFA final duşuşyklaryny ýatlatdy. Bu çäreleriň arasynda 2005-nji ýylda “Liwerpul” bilen “AC Milan” toparlarynyň arasynda geçen we taryhda iň bir ýatda galan duşuşyklardan biri hasaplanýan UEFA-nyň Çempionlar Ligasynyň finaly, şeýle hem 2009-njy ýylyň UEFA Kubogynyň finaly, 2019 UEFA Super Kubogy we iň soňkusy 2023 UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly hem agzalyp geçildi.
Täzelenen Olimpiýa garaýşy
Erdogan her bir sport çäresiniň, Türkiýäniň guramaçylyk başarnygynyň, döwrebap infrastrukturasynyň we sporta bolan höwesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.
Türkiýe heniz Olimpiýa oýunlaryna ýer eýeçiligini etmese-de, soňky onýyllyklarda birnäçe gezek dalaşgär boldy. Iň bir üns çekijilerinden biri 2020 Tomusky Olimpiýa oýunlary üçin edilen ýüztutma boldy. Erdoganyň beýanaty Türkiýäniň gelejekde Olimpiýa mümkinçilikleri bilen gyzyklanmaga dowam etjekdiginiň alamaty kabul edilýär.
Türkiýe bilen Italiýanyň bilelikde öý eýeçiligini etjek Euro-2032 futbol çempionaty, ýurt üçin möhüm öwrülşik nokady bolar. Mundan öňki ýekelikdäki dalaşgärlikler şowsuz bolupdy. Bu hyzmatdaşlygyň şeýle uly turnire ýer eýeçiligini etmegiň logistiki we maliýe gymmatyny ýeňilleşdirmegi, şeýle hem Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegine itergi vermegine garaşylýar.