SYÝASAT
2 minut okamak
Terror guramasy PKK ýaraglaryny ýakdy
Halkara derejesinde terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK-nyň ýaragsyzlanama etabynyň çäginde guramanyň agzalary ýeke-ýekeden ýaraglaryny ýakdylar.
Terror guramasy PKK ýaraglaryny ýakdy
Terror guramasy PKK ýaraglaryny ýakdy / AA
7 hours ago

Yragyň Süleýmaniýe welaýatynyň Surdaş etrapçasynda ýerleşýän gowakda jemlenşen PKK terrorçylaryndan ybarat topar ýaraglary bilen bilelikde ol ýerde jemlenşen mähelläniň ýygnanşan ýerine geldiler.

Aýallardan we erkeklerden ybarat bolan terrorçy topar ýaraglaryny uly gazanyn içine taşlap, täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Süleýmaniýänin Surdaş etrapçasynda geçirilen ýaraglanma tapgyryna Milli howpsuzlyk guramasynyň resmileri, yrakly resmiler, Yragyn Kürt Awtanomiýasynyň resmileri we howpsuzlyk güýçleri, DEM partiýasynyň wekileri, käbir jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Terror guramasy PKK maý aýynda özüni dartgatmak we ýarag taşlamak hakynda karar kabul edipdi.

Bu beýanat fewral aýynda tussaghanadaky ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyn guramanyň we degişli guramalaryň hem-de 40 ýyldan gowrak dowam eden ýaragly göreşiň bes edilmegi hakyndaky çagyryşyndan soň berildi.

Türkiýe terrora garşy göreşini diplomatik derejede-de alyp barýar.

Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň başda durmagynda halkara derejesindäki taraplara uzak ýyllaryň dowamynda edilen egilşiksiz gysyş öz netijesini berdi.

Terror guramasy PKK-nyň daşary ýurtlarda erkin iş alyp barmak, pul aklamak we dürli syýasy guramalaryň çäginde maliýe serişdesini toplama mümkinçiligi azaldy. Türkiýäniň güýçlenýän geosyýasy pozisiýasy syýasatynyň global güýçler tarapyndan hem kabul edilmegine sebäp boldy.

Türkiýw ykdysady gatnaşyklar, energetika diplomatiýasy we sebitleýin ýaranlyklar arkaly PKK-nyň daşary ýurtlarda iş alyp barýan ýaranlaryny birin-birin täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Türkiýe, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilýän PKK 40 ýyldan gowrak dowam etdiren terror aksiýalarynda zenanlar, çagalar, bäbekler we garrylar bilen bilelikde 40 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

PKK terrorçylary uzak ýyllardan bäri Türkiýäniň Demirgazyk Yrak serhedinden Türkiýä garşy hüjümleri meýilleşdirýän bazasy hökmünde peýdalanýardy.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us