Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň Ukraina bilen dowam edýän urşuny bes edip biljek ähtimallygy bilen bagly alamatlardan soň seresaply optimizm beýan etdi.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý ýekşenbe güni X sosial media hasabyndan Ukrainany haraba öwüren we ençeme wagt dünýäniň gün tertibinde bolan uruşda bu hadysanyň öwrülişik nokady bolup biljekdigini belläp, hadysany “oňyn ýagdaý” hökmünde häsýetlendirdi. Zelenskiý: “Ruslaryň urşy bes etdirmäge pikir edip başlamagy oňyn bir hadysa” diýdi.
Bütin dünýä urşuň gutarmagyna garaşýandygyny bellän Zelenskiý: "Islendik urşy bes etmegiň ilkinji ädimi ot açyşlygy bes etmekdir" diýdi. Şeýle hem, ol: "Russiýanyň ertir, 12-nji maýdan başlap doly, hemişelik we ygtybarly ot açyşlygy bes etmegi tassyklamagyna garaşýarys we Ukraina muňa taýýar" diýdi.
Stambul Ylalaşygy
Interfaks habarlar agentligini berýän maglumatyna görä Kremliň Daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow, ýekşenbe güni beren beýanatynda, ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan teklip edilen Russiýa-Ukraina parahatçylyk gepleşiklerinde, hem söweş meýdanyndaky bar bolan ýagdaýy hem-de 2022-nji ýylda geçirlen gepleşikleriň göz öňünde tutuljakdygyny habar berdi.
Putin ýekşenbe güni beren beýanatydna 15-nji maýda Stambulda Ukraina bilen göni gepleşik geçirmegi teklip etdi.