TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe bilen Eýran terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmeli
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy Prezident R. T. Erdoganyň Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen duşuşandygyny habar berdi.
Türkiýe bilen Eýran terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmeli
il y a 11 heures

Prezident R. T. Erdogan eýranly kärdeşi Mesud Pezeşkiýan bilen anna güni Azerbaýjanda bolan duşuşygynda Türkiýe bilen Eýranyň terrora garşy göreşde ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasyndan beren habarnamasyna görä Prezident R. T. Erdogan anna güni Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirlen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler seljerildi.

Yzygiderli durnuklylyk

Prezident Erdogan duşuşykda Eýran bilen Ysraýylyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň yzygiderli durnuklylyga öwrülmelidigini nygtady we düşnüşmezlikleriň gepleşikler arkaly çözülmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Erdogan Ankaranyň parahatçylygyň höweslendirilmegi üçin jogapkärçilik almaga taýardygyny we özara gatnaşyklaryň esasan söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň iki ýurt üçin hem bähbitlidigini nygtady.

Kommunikasiýalar edarasy Erdogan-Pezeşkiýan duşuşygyna Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Maşgala we sosial hyzmatlar ministri Mahinur Özdemir Göktaşyň, Söwda ministri Ömer Boladyň, Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň we Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça kömekçisi Akif Çagataý Kylyçyň gatnaşandygyny mälim etdi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us