Tunisiň Prezidenti Kaýs Said, penşenbe gijesi Premýer-ministr Kamel Maduri vezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Prezident divanyndan berlen beýannama görä, ykdysady kynçylyga garşy göreşýän ýurtda Maduriniň ýerine Jemgyýetçilik işleri ministri Sarra Zaafrani Zenzri bellendi.
Prezident Said, soňky birnäçe hepde-den bäri geçen ýylyň avgust aýynda Premýer-ministrlige bellenen Maduriniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň işinden nägiledigini ýygy-ýygydan beýan edýärdi.
Ykdysady kynçylyklar sebäpli karzy bolan Tunis, ösüş depgininiň artdyrylmagy üçin tagalla edýär ve işsizlige garşy göreşýär. Premýer-ministriň ygtyýaryny artdyran Prezident Said, 2024-nji ýylyň avgust aýynda Madurini Premýer-ministr hökmünde belläpdi ve 19 ministri hem vezipesinden boşadypdy. Preizdent Said, dövletiň bähbidi ve milli hovpsuzlyk sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini mälim edipdi.
Said, Arap baharyndan demokratiýa arkaly çykan ýeke-täk ýurt bolan Tunisde 2019-njy ýylda prezidentlige saýlandy.
Said 2021-nji ýylda uly ygtyýara eýe bolandygy sebäpli berk tankyt edilmäge başlandy. Oppozisionerler bu hereketiň demokratik hukuklary ve azatlyklary çäklendirýändigini öňe sürdi. Prezident Saidiň tarapdarlary bolsa onlarça ýyldan bäri dovam edýän korrupsiýa garşy göreşýändigini öňe sürdi.
12 million ilata eýe bolan ýurtda süýt, şeker ve un ýaly esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi başdan geçirilýär. Ýurtda işsizleriň sany gün saýyn artýar. Halkara pul gaznasy İMF Tunisiň 2025-nji ýylda ykdysady ösüşini 1,6 göterim hökmünde çaklaýar. Tunisiň karzy 2019-njy ýylda Saidiň prezidentlige saýlanan ýyly jemi önümçiligiň 67 göterimine gabat gelýärdi, şol san şu günki günde bolsa 80 göterime çenli baryp ýetdi.
Kaýs Said, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirlen saýlavlarda 90 göterimden govrak ses alyp ikinji gezek prezidentlige saýlanypdy. Emma saýlavlara bolan gatnaşygyň 30 göterimden pes bolmagy ünsleri özüne çekdi.
Prezident Said, fevral aýynda hem ýary gije Maliýe ministri Sihem Budiri Nemsiany vezipesinden boşadypdy ýerine aklavçy Miket Slama Haldini belläpdi.