SYÝASAT
2 minut okamak
Günorta Koreýada ýurduň ozalky premýer-ministri prezidentlige dalaşgärlige hödürlendi
Häkimiýetiň başyndaky partiýa ozal Kim Min Suny iýun aýynda geçiriljek prezident saýlawlary üçin dalaşgärlige hödürläpdi.
Günorta Koreýada ýurduň ozalky premýer-ministri prezidentlige  dalaşgärlige hödürlendi
May 10, 2025

Günorta Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şenbe güni häkimiýetiň başyndaky partiýanyň ozalky Premýer-ministr Han Duky prezidentlige dalaşgärlige hödürländigini mälim etdi.

“Ýonhap” habarlar gullugy bu täsin kararyň Han bilen Halkyň güýji partiýasynyň arasynda geçirlen gepleşikerden soň kabul edilendigini habar berdi.

Halkyň güýji partiýasy ozal prezident saýlawy üçin Kim Mun Suny dalaşgärlige hödürläpdi.

Halkyň güýji partiýasy Kimiň dalaşgärliginiň bes edilmegi etabynyň başladylmagy maksady bilen partiýanyň agzalarynyň adatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegi üçin çagyryş berdi.

Resmi kararyň ertir ýagny ýekşenbe gün kabul edilmegine garaşylýar.

Ozal prezidentlige dalaşgärlige hödürlenen Kim bu göçümi “ýary gije edilen syýasy agdarlyşyk” hökmünde häsiýetlendirdi we berk garşylyk görkezdi.

Kimiň şenbe güni Halkyň güýji partiýasynyň kabul etjek kararyny bökdemek üçin Seuldaky kazyýete gyssagly degişli çäreleriň görülmegi üçin ýüz tutandygy nygtaldy.

Kim ozal dalaşgärligi bes edilen halatynda iş gozgajakdygyny mälim edipdi.

Kim Mun Su “Ýary gije syýasy agdarlyşyk edildi. Bu anti-demokratik göçüm, diňe Günorta Koreýanyň taryhynda däl eýsem dünýä taryhynda hem deňi-taýy görülmedik waka” diýdi.

Kim, “Bu göçümiň jogapkärleri kanunlaryň öňünde syýasy taýdan jogap bermeli bolar” diýdi.

Günorta Koreýada Ýokary kazyýetiň ozalky Prezidenti Ýun Suk Ýoly wezipesinden boşatmagyndan soň 3-nji iýunda irki prezident saýlawynyň geçirilmegi barada karar kabul edilipdi.

Ýurtda geçirilýän sowalnamalara görä, Demokrat paritýanyň dalaşgäri Li Je-mýun sesleriň 47 göterimini alyp öňde barýar.

Sowalnamalara görä, Han 23 göterim bilen ikinjdi, Kim hem 13 göterim bilen üçünji ýerde barýar.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us