Prezident R. T. Erdogan, 2024-nji ýylyň Türkiýe üçin uly üstünlikleriň ýyly bolandygyny nygtady.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisi tarapyndan geçirlen çärede eden çykyşynda, 2024-nji ýylda eksport taýdan uly öňe gidişligiň edilendigine ünsi çekdi.
Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisi tarapyndan duşenbe güni berlen beýannama görä, 2024-nji ýylda iň köp eksport eden ilkinji 10 firmanyň hataryna Ford, Toýota, Türkiýe Nebit rafinirleýjileri, Kibar, Star rafineri, TGS Daşarky söwda, Oýak-Renault, Westel, Arçelik we Baýkar ýaly firmalar bar.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň maýa goýumy, iş üpjünçiligini, önümçiligi we eksporty öz içine alýan ösüş strategiýasynyň netijesinde 2024-nji ýylda ykdysady taýdan 3,2 göterim ösendigini we ösüş depgininiň 2025-nji ýylda hem dowam etjekdigini nygtady.
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 göterim ösendigini aýdan Erdogan, şol ösüş depgininiň 19 çärýekden bäri dowam edýändigini ýatlatdy.
Prezident Erdogan, orta möhletli ykdysady maksatnamanyň netijesinde ýurduň daşarky çeşmelere garaşlylygyny azaltmak bilen durnuklylygyň ýokarlandyrlandygyny nygtady.
Soňky 3 aýda başdan geçirlen wakalara garamazdan maksatnamanyň durnuklylygyny saklandygyny we maksatnama bolan ynamyň dowam edýändigini aýdan Erdogan, maý aýyndan başlap Türkiýäniň ätiýaçlarynyň artmaga başlandygyna ünsi çekdi.
Erdogan, Türkiýäniň töwekgelçilik derejesiniň peselýändigini we türk lirasyna bolan ynamyň ýokarlaýandygyny aýtdy.
2024-nji ýylyň eksport taýdan rekord ýyl olandygyny nygtan Erdogan, “2024-nji ýylda eksportda 262 milliard dollar dollar bilen uly rekord goýduk. Halkara derejesinde eksport bazaryndaky paýymyzy 1,07 göterime çenli ýokarlandyrdyk” diýdi.
“Geçen ýyl eksporty 1milliard dollardan geçen firmalaryň sany 18-e, 100 million dollardan geçen firmalaryň sany bolsa 302-ä ýetdi” diýen Erdogan, 2025-nji ýylda hem ösüş depgininiň dowam etjekdigini, maý aýynda eksportyň geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 2,7 göterim artyp 24,8 milliard dollara çenli baryp ýetendigini belledi.
Goranmak pudagy
Prezident Erdogan “Biz goranmak we awiasiýa, öý-hojalyk enjamlary, awtomobil, energetika ýaly birnäçe pudak boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryndan biri bolduk” diýdi.
2002-nji ýylda goranmak we awiasiýa pudagynyň eksportynyň 248 million dollara barabar bolandygyny, 2024-nji ýylda bolsa diňe goranmak pudagynyň eksportynyň 15 milliard dollardan geçendigini we 180 ýurda we sebite 6,7 milliard dollarlyk enjamyň eksport edilendigini belledi.
NATO we hyzmat eksportlary hem goşulanda Türkiýäniň umumy eksporty 7,1 milliard dollara barabar boldy.
Erdogan “Ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary taýdan dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryndan biri bolduk” diýdi.
Türk firmalarynyň dünýäde satylýan her üç uçarmansyz howa ulagyndan ikisini öndürýändigini we Türkiýäniň sowutly gury ýer ulaglary taýdan halkara derejesinde marka ýagdaýyna gelendigini belledi.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň milli harby uçary Kaana bolan talabyň gün saýyn ýokarlaýandygyna ünsi çekdi.
Halkara meseleler
Prezident Erdogan, gümrük päsgelçilikleri arkaly alnyp barylýan söwda uruşlarynyň häzirki näbellilik ýagdaýyny has-da çuňlaşdyrýandygyny nygtady.
Erdogan “Biz ykdysadyýetiň global syýasata we jemgyýetçilik deňagramlylygyna çenli birnäçe ugurda töwekgelçilikleriň artýan we howplaryň köpelýän döwrüne şaýat bolýarys” diýdi.