Moskwa we Kiýew urşuň başlamagyndan bäri iň uly ýesir çalşygyny amala aşyrdy. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä şenbe güni taraplaryň her birinden 246 esger çalşyldy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, rus harby birikmeleriniň häzirki wagtda Belarussiýada psihologiki we lukmançylyk kömegini alýandyklaryny we ondan soň bejergi we reabilitasiýa üçin Russiýa getiriljekdikleri habar berildi.
Ministrlik mundan başgada ýagşy niýetiň görkezijisi hökmünde taraplaryň agyr ýagdaýda ýaraly bolan esgerlerini hem çalşandygy aýan edildi. Şol çäkde 31 ukrainaly esger 15 rus esgerine çalşyldy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Birleşen Arap Emirliklerini bu ýesir çalşygyny ýeňilleşdirmekdäki araçylyk tagallalary barada öwgüli sözler aýtdy we möhüm ynsanperwer goşantlayry sebäpli minnetdarlyk bildirdi.
Russiýa Ukrainada ýene-de bir obany basyp aldy.
Russiýa şenbe güni beren beýanatynda soňky 24 sagatda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýene-de bir obany basyp alandygyny öňe sürdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň berýän habaryna görä Russiýanyň harby güýçleri Donetsk sebitindäki Şewçenko obasynyň gözegçiligini ele geçirdi.
Ministrlik Ukrainanyň Sapsan taktiki raketa ulgamyny we ony goraýan Norwegiýa önümi bolan NASAMS howa goranyş ulgamlarynyň synag meýdançasyna ýokary takyk gury ýer we deňiz ýaraglary we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümleriň guralandygyny beýan etdi.
Beýanatda: “Hüjüm astyndaky nyşana ýok edildi. Kesgitlenen nyşanalar ýer bilen ýegsan edildi” diýip bellendi.
Şeýle hem, soňky bir günüň dowamynda rus howa goranyş ulgamlarynyň 6 JDAM dolandyrylýan howa bombalaryny, 3 sany HIMARS raketasyny we 151 uçarmansyz howa ulagynyň hüjümlerine päsgel berendigini habar berdi.
Ukraina şol öňe sürmeler barada entek beýanat bermedi.