Ukrainada birnäçe ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan uly edilýär.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, penşenbe güni Stambulda geçiriljek parahatçylyk gepleşikleriniň öňüsyrasynda Daşary işler we Goranmak ministri bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirdi.
İki ýyl soň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçiriljek ilkinji gönüden gepleşiklere Türkiýe ýer eýeçiligini eder.
NATO agza ýurtlaryň we ABŞ-nyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň ynamdar we bitarap gepleşik üçin uly mümkinçilige eýedigini ünsi çekýär.
Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow, penşenbe güni metbugata beren beýannamasynda, Prezident Putiniň çarşenbe gijesi Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda möhüm duşuşyk geçirendigini aýtdy.
Peskow Moskwada beren beýannamasynda “Düýn agşam wekiliýetimiz Stambula gitmezden öň Prezident Putin Ukrain tarapy bilen geçiriljek gepleşiklere taýarlyk meselesinde duşuşyk geçirdi” diýdi.
Duşuşyga Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, täze bellenen Goranmak ministri Andreý Belousow, Baş ştabyň başlygy Waleri Gerasimow, Howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary Sergeý Şoýgu bilen Russiýanyň razwatka gullugynyň başlygy gatnaşdy.
Synçylar rus lideri Putiniň egindeşleri bilen geçiren duşuşygynyň Moskwanyň gepleşiklere uly ähmiýet berýändigini görkezýändigine ünsi çekýär.
Rus wekiliýetiniň düzümi
Resmi kararnama görä, Stambulda geçiriljek gepleşiklere gatnaşjak rus wekiliýetine Wise-prezident Wladimir Medinski ýolbaşçylyk eder.
Rus resmi wekiliýetinde Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin, Razwetka gullugynyň başlygy İgor Kostukow bilen Goranmak ministriniň orunbasary Aleksandr Fomin ýer alýar.
Wekiliýetde Russiýanyň harby, diplomatik we razwetka gullugynyň ýolbaşçylarynyň ýer almagy Moskwanyň gepleşiklere çynlakaý we giň gerimli çemeleşmäge taýardygyny görkezýär.
Türkiýäniň diplomatik merkez hökmünde orny tassyklanyldy
Gepleşikleriň Stambulda geçirilmegi, Türkiýäniň diplomatik täsiriniň artýandygyny görkezýär. Ankara ozal hem 2022-nji ýylyň mart aýynda Russiýaly we Ukrainaly wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirlen gepleşiklere ýer eýeçiligini edipdi.
Şol döwürde ukrainanyň adyndan gepleşiklere gatnaşan Dawid Arakhamia, Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonsonyň Moskwa bilen irki ylalaşygy bökdändigi öňe sürülýän saparyndan soň Kiýewiň gepleşiklerden çekilendigini mälim edipdi. Stambulda şu gün geçiriljek gepleşikler bolsa üýtgän şertlerde diplomatiýa üçin ikinji gezek mümkinçilik döredýär.
Ukrainanyň adyndan gepleşiklere gatnaşjak wekiliýet hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi. Emma Prezident Zelenskiýniň gepleşiklere oňyn garaýandygy we gepleşikleriň halkara synçylaryň gatnaşmagynda başlajakdygy nygtalýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem gepleşiklere oňyn garaýandygyny we resmi Waşingtonyň adalatly parahatçylyk üçin edilýän tagallalara goldaw berýändigini aýtdy.