Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bolan duşuşygynda, Türkiýäniň Baku bilen Ýerewanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň Azerbaýjanyň kanuny talaplaryna laýyk gelmegine garaşýandygyny aýtdy.
Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasyndan beren habarnamasyna görä, Erdogan Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirlen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde anna güni bolan duşuşykda Türkiýäniň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky giň gerimli parahatçylyk gepleşikleri bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.
Ýerewan bilen Baku 2020-njy ýyldaki ikinji Garabag söweşinden soň parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gepleşik geçirýär.
Azerbaýjan 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Garabagda doly özygtyýarlygy ýola goýdy.
Erdogan bilen Aliýew duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Erdogan iki ýurduň arasyndaky arkalaşygyň dünýä ýurtlaryna görelde bolýandygyny belledi.
Energetika we transport pudagy boýunça edilýän özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeken Erdogan, 24-nji iýunda Eýran bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi we sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagynyň hemmeler üçin bähbitli boljakdygyny nygtady.