Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Siriýanyň paýtagty Damask şäherindäki Mar Elias buthanasynyň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgardy.
Duşenbe güni X hasabyndan beýanat beren Erdogan, Damaskdaky Mar Elias buthanasynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.
Erdogan ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, Siriýanyň hökümetine we Siriýanyň halkyna gynanç bildirdi.
Prezident Erdogan: “Ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýdi.
Erdogan mundan başgada hüjümiň Siriýada we has giň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we bilelikde ýaşaşmagy durnuksyzlaşdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan Ankaranyň Siriýanyň terrora garşy göreş tagallalaryna goldaw berýändigini nygtap: “Siriýanyň asudalygyny we howpsuzlygyny, içerki parahatçylygy we bilelikde ýaşamak medeniýetini, sebitimiziň durnuklylygyny nyşana alan bu elhenç terrorçylykly aksiýa garşy Siriýanyň halkynyň we hökümetiniň ýanyndadyrys. Ençeme ýyllap dowam eden zulumlardan we çaknyşyklardan soň ilkinji gezek geljegine umyt baglaýan goňşymyz we doganymyz Siriýanyň potratçy terrorçylyk guramalary tarapyndan täze durnuksyzlyk gurşawyna çekilmegine ýol bermeris. Siriýanyň hökümetiniň terrorçylyga garşy göreşini goldamagy dowam etdireris” diýip belledi.
Siriýanyň Saglygy goraýyş ministrligi terror guramasy DAIŞ-iň agzasy bolan kamikaze hüjümçisiniň ýekşenbe güni Damaskyň gündogaryndaky buthana ot açandygyny, azyndan 20 adamyň ýogalandygyny we 52 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Bu waka Siriýanyň Içeri işler ministrliginiň 26-njy maýda Damaskyň obalyk ýerlerinde DAIŞ-e degişli öýjükleriniň tapylandygyny habar bermeginden birnäçe hepde soň boldy. Resmiler reýd wagtynda ýeňil we orta ululykdaky ýaraglary ele salandyklaryny habar beripdiler.