TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan täze Papany gutlady
Täze Papa Leony gutlan Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Watikanyň Gazanyň başda durmagynda adamzat pajygalarynyň ortadan aýrylmagyna goşant goşjakdygyny aýtdy.
Prezident Erdogan täze Papany gutlady
May 10, 2025

Prezident R. T. Erdogan täze Papa Leo XIV-ä ugradan gutlag hatynda, Gazanyň başda durmagynda adamzat pajygalarynyň ortadan aýrylmagy üçin birlikde tagalla edilmegini umyd edýändigini aýtdy.

Anna güni Prezidentiň X sosial media platformasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, “Papalyk wezipesine saýlanmagyňyz mynasibetli sizi öz adymdan we halkymyň adyndan tüýk ýürekden gutlaýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan merhum Papa Fransiskiň sebitara we halkara çaknyşyklaryň möwjän döwründe parahatçylygyň we hoşniýetligiň ýola goýulmagy üçin eden tagallary bilen bütin dünýäniň hormatyna eýe bolandygyny belledi.

Erdogan “Papa Fransisk bilen edýän gatnaşygymyzy we içgin dialogy siziň bilen hem dowam etdirjekdigimize doly ynanýaryn. Türkiýe bilen Watikanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini umyt edýärin. Özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi Gazanyň başda durmagynda adamzat pajygalarynyň ortadan aýrylmagyna goşant goşar”diýip belledi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us