Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, duşenbe güni Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirlen Russiýa-Ukraina gepleşikleri hakynda pikir alyşdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden ýekşenbe güni berlen beýannamada, “Ukraina krizisi seljerildi”diýildi.
Beýannamada “Lawrow bilen Rubio, Ukraina krizisiniň çözülmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 2-nji iýunda Stambulda geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşikleri meselesi gün tertibine getirildi” diýildi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Marko Rubionyň telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Donald Trampyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda göni gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin çagyryş berýändigini nygtandygyna ünsi çekdi.
Rus habar gulluklary Kremliň kömekçisi Wladimir Medinskiýniň, Ukrainanyň Russiýa parahatçylyk şertnamasynyň taslama tekstini hödürländigi hakyndaky beýannamasyna ýer berdi.
TASS-yň berýän habaryna görä, Medinskiý “Rus wekiliýeti Ukrainadan parahatçylyk şertnamasynyň taslama tekstini aldy”diýdi.
Medinskiý, duşenbe güni geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerinde rus wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.
Köprüler meselesi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň, Ukraina serhedinde ýerleşýän iki rus zolagynda köprüleriň ýarylmagy sebäpli adam pidasynyň çekilmegine gynanç bildirdi.
Rus ýolbaşçylar şenbe güni iki köprüniň ýarylmagy sebäpli azyndan 7 adamyň ýogalandygyny we 69 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Ukraina hüjümi
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, Ukrainanyň rus howa güýçlerine guran deňi-taýy görülmedik hüjüminden soň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ukraina rus howa bazalaryna uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümi hakynda ABŞ-na öňünden hiç hili maglumat bermedi.
Ukrainanyň merkezi razwetka gullugy SBU, dört howa bazasyna guralan hüjümde 41 rus harby uçarynyň urlup düşürlendigini mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi iki sebitde howa bazalaryndaky uçarlaryň ýanandygyny emma ýangynlaryň söndürlendigini mälim etdi.