Resmi habarlar gullugy Press TW bilen Mehr habarlar gullugynda berlen habarlara görä, Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan çarşenbe güni ýurdunyň Halkara atom energiýasy gullugy bilen edýän hyzmatdaşlygynyň bes edilendigini mälim etdi.
Ýarym resmi Tasnim habarlar gullugy hem, hökümetiň Halkara atom energiýasy gullugy bilen edýän hyzmatdaşlygynyň bes edilendigi baradaky kanuny tassyklandygyny habar berdi.
Eýranyň parlamenti geçen hepde Halkara atom energiýasy gullugy bilen edilýän hyzmatdaşlygyň bes edilendigi baradaky kanun taslamasyny kabul edipdi.
Bu mesele Ysraýyl we ABŞ bilen bolan soňky çaknyşyklardan soň Tähran bilen BMG-nyň ýadro gözegçilik gullugynyň arasynda gözegçilik we aç-açanlyk boýunça käbir dartgynlyklaryň ýüze çykmagynyň yzy ýanyndan gün tertibine getirildi.
13-nji iýunda başlan 12 günlük çaknyşyk, Ysraýylyň Eýranda käbir harby merkezlere we ýadro desgalaryna hüjüm guramagy bilen başlady.
Eýran hem ar almak maksady bilen Ysraýyla garşy raketa hüjümlerini gurady. ABŞ hem Eýrana degişli üç ýadro desgasyny bombalady.
Çaknyşyklar 24-nji iýunda ABŞ-nyň goldaw bermeginde ylalaşyk gazanylmagy netijesinde bes edildi.