TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe güýçlenýän tokaý ýangynlaryna garşy göreşýär
Ýangyn söndüriji toparlar 27 uçaryň, 105 dikuçaryň we 14 uçarmansyz howa ulagynyň goldaw bermeginde ýangynlary söndürmek üçin göreşýär.
Türkiýe güýçlenýän tokaý ýangynlaryna garşy göreşýär
July 1, 2025

Tomus paslynyň başlamagy bilen birlikde Türkiýede tokaý ýangynlarynyň sany artýar. Resmi görkezijilere görä 1-nji iýundan bäri 1,516 ýangyn hasaba alyndy.

Prezident R. T. Erdogan düýn X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda ýangyn söndüriş işlerine toparlar 27 uçardan, 105 dikuçardan we 14 uçarmansyz howa ulagyndan ybarat giň gerimli howa flodynyň goldaw berýändigini aýtdy.

Ýangynlary gözegçilik astyna almak üçin 25 müň adamyň iş alyp barýandygyny aýdan, Prezident Erdogan “Häzire çenli ýangynlaryň 1507-si gözegçilik astyna alyndy. Uçarlarymyz we dikuçarlarymyz 10 müň 260 uçuş edip 33 müň 200 tonna suw sepdi” diýdi.

Prezident Erdogan ýangynlar bilen arabaglanşykly jemi 31 adamyň saklanandygyny, 10 adamyň tussag edilendigini belledi.

Ýangynlar sebäpli maddy taýdan ýitgi çeken raýatlara gynanç bildiren Prezident Erdogan, tokaý ýangynlarynyň bilkastlaýyn hereketler sebäpli ýüze çykandygyny ýatlatdy.

“Döwletimiz elbetde degişli çäreleri görýär, emma men ýangyna sebäp bolmazlyk üçin ünsli çemeleşilmelidigini ýatlatmak isleýärin” diýen Erdogan, “öňümizdäki iki aýyň dowamynda “Ýaşyl Watany” goramak üçin halka ünsli bolmaklary barada çagyryş edýärin” diýdi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us