Bu saýlaw, sanly sarp etmegiň aň-bilim täsirleri baradaky barha artýan aladalary görkezýär.
37000-den gowrak adamyň arasynda geçirilen sowalnamanyň netijesinde "Beýniniň çüýremegi" adalgasy sanly döwrüň ýetiren aň-bilim zeperini has gowy suratlandyrýan söz hökmünde tapawutlandy.
Bu terminiň ulanylyşy 2023-2024-nji ýyllar aralygynda rekord derejede, ýagny 230 göterim artdy. Bu, sanly mazmuny sarp etmek bilen baglanyşykly aladalaryň näderejede giň ýaýrandygyny görkezýär.
Oksford “Beýniniň çüýremegi” adalgasyny şahsyýetiň akyl we intellektual ukybynyň ýaramazlaşmagy, mazmuny onlaýn, aşa köp sarp etmek hökmünde häsýetlendirdi.
“TikTok” ýaly platformalarda ýaşlar bu termini özleriniň media endiklerini tankytlamak üçin ulanýarlar. Bu, ýaşlaryň sanly endikden habarlydygyny görkezýär.
Hünärmenler ekranyň aşa köp ulanylmagy we pes hilli mazmunlaryň, esasanam ýaşlaryň üns merkezine, döredijiligine we akyl saglygyna çynlakaý howp salýandygyny nygtaýarlar.
Saglyk merkezlerinde Gollanmalar açyldy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Akyl saglygy merkezleri "Beýniniň çüýremeginiň" täsirini kesgitlemek we onuň öňüni almak boýunça gollanmalar hödürläp başlady.
1854-nji ýylda Genri Dewid Toronyň ulanan bu metafora sanly zamanyň aladalary bilen ýene-de öň hatara çykdy. Bu meseläniň aslynda täze däldigini, sanly döwürde has çuňlaşandygyny görkezýär.
Oksford Dilleri guramasynyň başlygy bu saýlawyň wirtual durmuşyň ösüşini we internet medeniýetiniň dile täsirini görkezýändigini aýtdy.