DÜNÝÄ
4 minut okamak
Ysraýyl tarapyndan öldürilen eýranly harby resmiler we alymlar
Häzirki wagta çenli azyndan 14 sany eýranly ýadro alymy we birnäçe harby resmi Ysraýylyň hüjümlerinde öldürildi.
Ysraýyl tarapyndan öldürilen eýranly harby resmiler we alymlar
7 hours ago

13-nji iýundan bäri Ysraýyl Eýrana, şol sanda Eýranyň käbir möhüm ýadro desgalaryna garşy uly göwrümli harby hüjümleri amala aşyrdy. Şol hüjümler 104-den gowrak adamyň ölmegine we 380 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

“Reýter” habarlar gullugynyň habaryna görä Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 14 Eýranyň ýadro alymy we birnäçe harby işgär öldürildi. Ysraýylyň goşuny Eýranyň 9 uly ýadro alymyny öldürendigini öňe sürdi. Ysraýylyň goşuny X platformasyndan beren beýanatynda: "Eýran režiminiň ýadro ýarag programmasyny ösdürmekden jogapkär 9 tejribeli alymy we bilermen öldürildi" diýip habar berildi.

Ysraýyl goşunynyň pikiriçe, nyşana alynan alymlaryň we bilermenleriň ählisi Eýranyň ýadro ýaragyny ösdürmeginde möhüm rol oýnady we olaryň öldürilmegi režimiň köpçülikleýin ýok ediş ýaraglaryny edinmek ukybyna uly zarba salynmak hökmünde häsýetlendirilýär.

Şu wagta çenli öldürilen ýokary derejeli harby resmiler we alymlar kimler?

Harby Resmiler

16 adamyň öldürilendigi tassyklanylsada, Ysraýylyň hüjümlerinde Eýranyň Ynkylap Goragçylar goşunynyň 20-den gowrak resmisi we beýleki ýokary derejeli serkerdeler nyşana alyndy.

General-maýor Muhammet Bakyri Eýranyň Ýaragly güýçleriniň baştutanydy. Eýranyň iň ýokary derejeli harby işgärlerinden biri bolan Bakyri, Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hameneýiden soň ikinji ýerde durýardy. Eýranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, ol Eýranyň Ynkylap Goragçylar goşunynyň aňtaw gullugyna goşuldy we Eýran-Yrak söweşinde işjeň rol eýeledi. 2002-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Ýaragly güýçleriň Baş ştabynda aňtaw we operasiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary bolup işledi. 2016-njy ýylda Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hameneý tarapyndan Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň başlygy wezipesine bellendi. Bakyri 2019-njy ýylda ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar edilipdi.

Hossein Salami Eýranyň Ynkylap Goragçylar goşunynyň baş serkerdesidi. 1980-nji ýylda Eýran-Yrak söweşinde Eýranyň Ynkylap goragçylar goşunyna goşuldy. Eýranyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, 1997-2006-njy ýyllar aralygynda Ynkylap Goragçylar goşunynyň Baş ştabynyň operasiýa başlygynyň orunbasary bolup işledi. 2006-2009-njy ýyllar aralygynda Ynkylap Goragçylar goşunynyň Harby-kosmos güýçleriniň serkerdesi bolup işledi we 2019-njy ýyla çenli Ynkylap Goragçylar goşunynyň Baş sekretarynyň orunbasary bolup işledi. 2019-njy ýylyň aprelinde Ynkylap Goragçylar goşunynyň serkerdesi wezipesine bellendi.

Golam Ali Raşid, Eýranyň Hatam al-Anbiýa merkezi ştabynyň serkerdesidi. Ýerli metbugatyň habaryna görä, 1980-nji ýyldaky söweşde ýaragly güýçleriň operasiýa serkerdeliginde möhüm rol oýnapdy.

Amir Ali Hajizade Eýranyň Ynkylap goragçylar goşunyna Harby-kosmos güýçleriniň serkerdesi bolup işledi. Eýranyň raketa ynkylabynda möhüm rol oýnady. 1980-nji ýyldaky uruşdan soň Eýranyň Ynkylap goragçylar goşunynyň Harby-kosmos bölümine goşuldy. Eýranyň raketa mümkinçiliklerini ösdürmekde we ýurduň goranyş howpuny güýçlendirmekde esasy rol oýnady.

Muhammet Kazemi Eýranyň Ynkylap goragçylar goşunynyň aňtaw gullugynyň başlygydy. Ysraýylyň hüjümlerinde öldürilen beýleki harby ofiserler: Mohsen Bakyri, Dawud Şekhian, Muhammet Bakyri Taherpour, Mansur Safarpour, Masud Taýeb, Khosro Hassani, Muhammet Jafari we Jawad Jarsara bar.

Alymlar

Eýranyň Tasnim habarlar gullugy ölenleriň ikisi bolan Muhammet Mehdi Tehrançini we Feridun Abbasini "möhüm ýadro alymlary" hökmünde häsiýetlendirdi.

Faredun Abbasi Eýranyň mejlisiniň öňki agzasydy. 2011-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň (AEOI) başlygy wezipesinde işledi we 2010-njy ýylda janyna kast etmek synanyşygynda diri galypdy.

Muhammet Mehdi Tehrançi teoretiki fizik we Eýranyň Yslam Azad uniwersitetiniň başlygydy. 2020-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň "milli howpsuzlygyna ýa-da daşary syýasat bähbitlerine garşy hereket edýän" aktýorlaryň sanawyna goşuldy.

Abdul Hamid Minouçehr Şahid Beheşti uniwersitetiniň Ýadro inžinerçiligi fakultetiniň başlygydy. Fakultetiň bilim we gözleg maksatnamalaryny düzmekde möhüm rol oýnady.

Ahmad Reza Zolfaghari Şahid Beheşti uniwersitetiniň Ýadro inžinerçiligi fakultetiniň professorydy. Minouçehr we Zolfaghari milli strategiki taslamalara işjeň gatnaşypdylar.

Amir Hossein Fagihi Şahid Beheşti uniwersitetiniň ýadro professorydy. AEOI-nyň wise-prezidenti we Ýadro ylym we tehnologiýa gözleg institutynyň başlygy bolup işledi. Eýranyň ylmy we gözleg infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm rol oýnady.

Said Borji, Malek Aştar Tehnologiýa uniwersitetinde Mehaniki inžener ugry boýunça tejribeli bilermendi. Ondan öň 2020-nji ýylda Ysraýyl režimi tarapyndan öldürilen Eýranyň ýadro alymy Mohsen Fakhrizadeh bilen hyzmatdaşlyk edipdi.

Soňky hüjümlerde nyşana alnan Eýranyň beýleki ýadro alymlary Motallebzadeh we Mansour Asgari bardy. Motallebzadeh we aýaly anna güni aradan çykdy. Fizik hünärmen Mansur Asgari we mehanika hünärmeni Ali Bakhouei Katirimi barada çäklendirilen maglumat bar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us