Prezident Rejep Taýýip Erdogan Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerifi Stambuldaky Dolmabahçe köşgünde ýerleşýän Prezidentiň Iş ofisinde kabul etdi. Liderler dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar.
Türkiye Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä ýekşenbe güni bolan duşuşykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi, sebitleýin we global derejedäki möhüm wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Erdogan, iki ýurduň söwda mukdaryny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak baradaky umumy maksada ýetmek üçin bilelikde işlemegiň möhümdigini aýtdy.
Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen habara görä Prezident Erdogan: "Söwda maksadymyza ýetmek we energiýa, transport we goranmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak üçin ädimlerimizi dowam etdireris" diýdi.
Terrorçylyga garşy göreşde has ýakyn hyzmatdaşlyk we aragatnaşyk
Prezident Erdogan terrorçylyga garşy göreş tagallalarynda, şol sanda aňtaw maglumatlaryny paýlaşmak, okuw we tehnologiki goldawda hyzmatdaşlygyň artmagynyň ähmiýetini belläp geçdi. Erdogan şeýle raýdaşlygyň iki ýurduň bähbidine hyzmat edýändigini aýtdy.
Sebit baglanşygyna ünsleri çeken Prezident Erdogan Stambul-Tähran-Yslamabad demir ýol liniýasynyň has netijeli we işjeň ýagdaýa getirmegiň möhümdigini aýtdy we sebitiň söwdasyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak üçin bu liniýanyň mümkinçiliklerine ünsleri çekdi.
Erdogan bilim pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hasam baýlaşdyryp we halklaryň arasynda uzak möhletleýin alyş-çalşygyny ösdürip biljek anyk çäreleri görmäge çagyrdy.
Palestina we sebitdäki durnuklylyk barada umumy çemeleşme
Prezident Erdogan Pakistanyň Palestina meselesindäki tutanýerli çemeleşmesine minnetdarlygyny bildirdi.
Erdogan sebitde dowam edýän çaknyşyklaryň arasynda Gaza gyssagly ynsanperwer kömegiň ýetirilmegini üpjün etmek üçin Türkiyäniň edýän tagallalary babatynda Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerife maglumat berdi.
Ýokary derejeli duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Milli Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş geňeşçisi Akif Çagataý Kylyç we Guryýer güýçleriniň serkerdesi Selçuk Baýraktarogly ýaly ýokary derejeli türk resmiler gatnaşdylar.
Bu sapar, Türkiye bilen Pakistanyň arasynda birek-birege bolan ynam, medeni ýakynlyk we strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan köpden bäri dowam edip gelýän doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypa açýar.