ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tom Barrak, Stambulda geçirlen we Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegini maksat edinýän gepleşiklerde Türkiýäniň uly rol oýnaýandygyny nygtady.
Duşenbe güni NTW telekanalyna beýannama beren Barrak, “Türkiýe, hem Russiýa hem-de Ukraina bilen gatnaşyk edýär. Bu diplomatiýa taýdan diýseň möhüm” diýdi.
Türkiýäniň NATO-nyň esasy ýarany hökmünde kabul edilýändigini aýdan Barrak, emma esasan Russiýa-Ukraina çaknyşygynyň bes edilmegi we Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy taýdan uly rol oýnaýandygyny nygtady.
Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky güýçli gatnaşyga ünsi çeken Barrak, özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin tagalla etjekdigini belledi.
ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Barrak, Prezident Trampyň Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly sabyr takadynyň azalýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.
“Emeli serhetler we şowsuz syýasatlar”
Siriýa barada hem durup geçen Barrak, ABŞ-nyň sebit boýunça alyp barýan häzirki syýasatynyň ozalky syýasatlardan tapawutly boljakdygyny aýtdy.
Y jahan urşundan soň Günbataryň öz bähbitlerine laýyklykda sebiti üýtetmek synanşyklarynyň Ýakyn Gündogarda birnäçe krizisiň başdan geçirilmegine sebäp bolandygyny belledi.