Ysraýylyň harby goşuny gelejek 2 aýyň dowamynda Gazanyň esasy bölegini ele geçirmek üçin hüjümlerini artdyrdy. Bu meýinama 2 milliona barabar palestinalyny gabaw astyndaky sebitiň 4-den bir böleginde ýaşamagyny maksat edinýär.
Soňky döwürde geçirlen ýokary derejeli maslahatda tanyşdyrlan meýilnama görä, Ysraýylyň harby goşuny Gazanyň 75 göterimini ýagny Gazanyň jemi 365 inedördül kilometrden ybarat bolan meýdanynyň 275 inedördil kilometrini iýul aýyna çenli basyp alar.
Palestinanyň ilaty bolsa üç aýry çäklendirlen zolakda demirgazykdaky Gaza şäherinde, Gazadaky bosgun düşelgelerinde we günortadaky Masawi etrabynda ýaşamaly bolar.
Ysraýylly resmiler operasiýanyň Hamasyň infrastrukturasyny ýok etmegi we ýesirleri halas etmegi maksat edinýändigini aýdýar. Emma adam hukuklaryny goraýjylar, bu hüjümleriň asuda ilatyň ejir çekmegine we göçürilmegine sebäp bolýandygyny nygtaýar.
Ysraýylyň harby goşuny mart aýynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan gysga ylalaşykdan soň sebitiň 40 göterimini basyp aldy.
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde hökümetiň berk tutum alyp barjakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Ysraýylyň harby goşunynyň uly öňe gidişlik edýändigini aýdan Netanýahu, “Biz zolaga doly gözegçilik edýäris. Ysraýylyň söweşi Hamas doly ýeňilýänçä dowam eder” diýdi.
Emma tankytçylar, Ysraýylyň birnäçe aýdan bäri dowam edýän bombaly hüjümlerine we gury ýer operasiýalaryna garamazdan Hamasy ýeňip bilmändigine ünsi çekýär.
Göçürilme meselesi
Üstümizdäki aýyň başynda Ysraýylyň Howpsuzlyk kabineti Gazadaky hüjümleriň artdyrylmagyny tassyklady. Operasiýa meýilnamasy, diňe galan territoriýanyň ele geçirilmegini däl eýsem şol bir wagtda sebitde uzak möhletli iş alnyp barylmagyny öz içine alýar.
Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri meýilnamanyň şeýle hem Gazadaky palestinalylaryň günorta göçürilmegini öz içine alýandygyny habar berdi. Adam hukuklary guramalary bolsa meýilnamany berk ýazgardy.
Bu wakalar, ABŞ bilen Ysraýyl tarapyndan goldanýan hususy ynsanperwer kömek gaznasynyň bu hepde Gazada ynsanperwer kömegini paýlamaga taýarlanýan günlerinde başdan geçirildi.
Fewral aýynda döredilen Gaza ynsanperwer kömek gaznasy, ynsanperwer kömegini diňe Gazanyň günortasyndaky howpsuz merkezlerde paýlamagy meýilleşdirýär.
Tankytçylar bilen birlikde BMG-nyň ýolbaşçylary bu meýilnamanyň ynsanperwer krizisi has-da çuňlaşdyrjakdygyny nygtaýar.