TÜRK DÜNÝÄSI
4 minut okamak
Türkiýe bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda Halkara Türk Döwletleri Uniwersiteti işe başlady
Iki ýurduň Ykdysadyýet boýunça ýokary okuw geňeşleriniň arasynda Halkara Türk Döwletleri Uniwersitetiniň işe başlamagy boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.
Türkiýe bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda Halkara Türk Döwletleri Uniwersiteti işe başlady
8 апреля 2025 г.

               Ýokary okuw edaralaryn geňeşiniň (ÝÖK) başlygy Prof. Dr. Erol Özwar: “Uniwersitetimiz, ýokary hilli ýaş nesilleri ýetişdirmäge goşant goşmagyň daşyndan, ylmy gözleg we täzeçil ugurlarda öňdebaryjy taslamalary ösdürip, ýurtlarymyzyň dünýä derejesindäki bäsdeşlik güýjüni artdyrar”diýdi

Ýokary okuw edaralaryn geňeşiniň (ÝÖK) başlygy Prof. Dr. Erol Özwar, Özbegistan bilen gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasy bilen işe başlan Halkara Türk Döwletleri Uniwersiteti barada şeýle diýdi:

“Uniwersitetimiz, ýokary hilli ýaş nesilleri ýetişdirmäge goşant goşmagyň daşyndan, ylmy gözleg we täzeçil ugurlarda öňdebaryjy taslamalary ösdürip, ýurtlarymyzyň dünýä derejesindäki bäsdeşlik güýjüni artdyrar.”

Özwar,                Ýokary okuw edaralaryn geňeşinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Sosial ösüş müdirliginiň başlygy we Ýokary okuw jaýlary geňeşiniň başlygy Odil Abdurahmanow ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Soňra Geňeşde, "Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw jaýlary geňeşi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýokary okuw jaýlary geňeşi arasynda Taşkent şäherinde Halkara Türk Döwletleri Uniwersitetiniň döredilmegine degişli özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy" geçirildi.

Özwar, dabaradaky çykyşynda Özbegistanyň wekiliýetini kabul etmekden hoşallyk duýýandygyny, Özbegistana eden saparlarynda hem özlerini öýlerinde ýaly duýandyklaryny aýtdy.

Şu gün taryhy bir gün diýip, iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda ösdürilýän gatnaşyklary ýokary bilim derejesinde has-da berkitjek täze ädimiň atylýandygyny bellän Özwar, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklarynda ýokary bilime aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen Özbegistan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň görkezmesi esasynda bilelikdäki uniwersitetiň döredilmegine baradaky işleriň belli bir wagtdan bäri dowam etdirilýändigini ýatladan Özwar, Mirziýoýewiň 25-nji ýanwarda Halkara Türk Döwletleri Uniwersitetiniň Taşkentde açylmagyna degişli Kararnama gol çekmegi bilen, bu umumy pikirleriň Özbegistanda hukuk taýdan binýadynyň döredilendigini belläp geçdi.

Gol çekiljek özara düşünişmek Ähtnamasy bilen uniwersitetiň işini kadalaşdyrjak hukuk binýadynyň tehniki we akademik taraplarynyň kesgitlenjekdigini aýdan Özwar, şeýle diýdi:

“Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky gadymy doganlyk we hyzmatdaşlygyň möhüm nyşany bolan bu örän aýratyn ýokary okuw mekdebiniň, ilkinji nobatda iki döwlete, soň bolsa bütin Türk dünýäsine peýdaly bolmagyny arzuw edýärin. Zerur resminamalaryň kabul edilmegi bilen uniwersitetiň ylmy taýdan işe başlamagy üçin işleri çaltlaşdyrarys. Türkiýede degişli uniwersitetlerimiz bu ugurda taýýarlyk gördi. YÖK hökmünde biz hem ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis.

Halkara Türk Döwletleri Uniwersitetiniň esasy maksady, iki döwletiň hem zerur bolan ýokary hilli işgär potensialyny taýýarlamak, ylym we tehnologiýa ugurlarynda sebitde we dünýä derejesinde täsirli nesilleri ýetişdirmek, medeni we akademik hyzmatdaşlygy ösdürmekdir.
Uniwersitetimiz, Türkiýe bilen Özbegistanyň bilim we tejribesini birleşdirip, iki ýurduň geljegine möhüm goşant goşar. Uniwersitetimiz ýokary hilli ýaş nesilleri ýetişdirmäge goşant goşmagyň daşyndan, ylmy gözleg we täzeçil ugurlarda öňdebaryjy taslamalary ösdürip, ýurtlarymyzyň dünýä derejesindäki bäsdeşlik güýjüni artdyrar.”

“Türk döwletleriniň arasynda durnukly hyzmatdaşlyk binýadyny hem güýçlendirer”

Özwar, uniwersitetiň, Türkiýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary bilen bilelikde bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirip, halkara ölçeglere laýyk bilim berjekdigini aýdyp, ilkinji tapgyrda Stambul Tehniki Uniwersiteti,  Orta Gündogar Tehniki Uniwersiteti, Hacettepe Uniwersiteti we Ege Uniwersiteti tarapyndan inženerçilik, maglumat tehnologiýasy, saglyk we oba hojalyk maksatnamalary bilen işe başlanjakdygyny aýtdy.

Halkara Türk Döwletleri Uniwersitetinde ýetişdiriljek ýokary hilli işgärleriň iki ýurduň ykdysady, ylmy we jemgyýetçilik ösüşinde möhüm orun eýeläp biljekdigini belläp geçen Özwar, akademik hereketlilik bilen birlikde Türk döwletleriniň arasynda jemgyýetçilik, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem goşant goşuljakdygyny nygtady.

Uniwersitetiň Türk dünýäsiniň derejesinde hem möhüm ýokary okuw mekdebi boljakdygyna ynanýandyklaryny aýdyp, Özwar şeýle diýdi:

“Bilim we ylym ýaly strategik ugurlarda amala aşyryljak bilelikdäki işler, Türk döwletleriniň arasynda durnukly we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk binýadyny hem güýçlendirer. Bilelikdäki bilim maksatnamalary arkaly uçurym boljak talyplarymyz, Türk dünýäsinde dürli ýurtlarda işe ýerleşmäge ukyby bolan bilim we başarnyga eýe bolarlar, şeýlelikde bu sebitde adam serişdesiniň aragatnaşygy pugtalanar.”

“Uniwersitetimiz arkaly täze taslamalarda hem işleşeris”

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Sosial ösüş müdirliginiň başlygy we Ýokary okuw jaýlary geňeşiniň başlygy Abdurahmanow hem YÖK-de mähirli kabul edilendikleri üçin Özwara sag bolsun aýtdy.

Ýanwar aýynda Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew tarapyndan uniwersitetiň döredilmegine degişli kararnamanyň gol çekilendigini ýatladan Abdurahmanow, uniwersitetiň Türkiýeden dört uniwersitetiň bilim maksatnamalary we mugallymlary bilen işläp başlanjakdygyny aýtdy.

Türk dünýäsiniň medeniýetiniň birdigini beýan eden Abdurahmanow:

“Bu uniwersitetimiz arkaly täze taslamalarda hem işleşeris” diýdi.

Çykyşlardan soň Özwar bilen Abdurahmanowyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. Şu hyzmatdaşlyk bilen birlikde Halkara Türk Döwletleri Uniwersiteti resmi taýdan açyldy.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us