Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Daşary işler ministri Hakan Fidan ertir resmi sapar bilen Serbiýa gider.
Hakan Fidanyň Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç tarapyndan kabul edilmegine we kärdeşi Džuriç bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Daşary işler ministri Hakan Fidan ozal 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Prezident R. T. Erdoganyň Serbiýa guran resmi saparynyň çäginde kärdeşi Džuriç bilen duşuşypdy.
Hakan Fidan serbiýaly kärdeşi Džuriç bilen soňky gezek 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 11-13-i aralygynda Antalýada geçirlen Diplomatiýa forumynyň çäginde duşuşypdy.
Sebitleýin parahatçylyk we durnuklylyk
Hakan Fidanyň Belgratda geçirjek gepleşiklerinde Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Türkiýäniň Balkanlarda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalarynyň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň saparynyň çäginde Bosniýa-Gersegowinada başdan geçirilýän wakalar boýunça parasatly çemeleşilmeginiň we dialogyň ähmiýetine ünsi çekmegine, sebitleýin arkalaşygyň we hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmeginiň gerekdigini nygtamagyna garaşylýar.
Serbiýa, Türkiýäniň Balkanlardaky esasy hyzmatdaşlaryndan biri we iki ýurduň arasynda ýygy-ýygydan ýokary derejeli saparlar guralýar.
Prezident R. T. Erdoganyň 2024-nji ýylda guran saparynyň çäginde iki ýurduň lideri Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahatyna ýolbaşçylyk edipdi.
Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky özara söwda mukdary 2024-nji ýylda 35 göterim artyp 3 milliard dollara barabar boldy.
Iki ýurt özara söwda gatnaşyklarynyň mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegini maksat edinýär.
Soňky 12 ýylda Türkiýäniň Serbiýadaky göni maýa goýum mukdary 1 million dollarda 405 million dollara çenli baryp ýetdi.
Döwrümizde türk firmalary Serbiýadaky maýa goýumlary bilen 10 müň adama iş mümkinçiligini hödürleýär.