Ukrainanyň Harkow şäheri uly göwrümli rus raketaly hüjümlere sezewar galyp, birnäçe adamyň ýogalmagyna we ýaşaýyş jaýlaryna şeýle hem jemgyýetçilik binalaryna zeper ýetmegine sebäp boldy, şol bir wagtda bolsa Kiýew Moskwa sebitini uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana aldy.
Russiýa gijäniň dowamynda gündogar Ukrainanyň Harkow şäherine dronlar, raketalar we dolandyrylýan bombalar bilen hüjüm gurady. Şäher häkimi Igor Terekhow şenbe güni beren beýanatynda, hüjümlerde azyndan 3 adamyň ýogalandygyny we 1,5 aýlyk bäbek bilen birlikde jemi 22 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Ukrainanyň iň uly şäherleriniň biri bolan Harkow Russiýanyň serhedinden 40 kilometre uzaklykda ýerleşýär we üç ýyldan gowrak dowam eden uruş döwründe Russiýanyň yzygiderli hüjümlerine sezewar galýar.
Terekhow şenbe güni Telegramdan beren beýanatynda: “Harkow urşuň başlamagyndan bäri iň uly hüjüme sezewar galdy” diýip mälim etdi.
Gijäniň dowamynda şäherde onlarça partlama eşidildi we Russiýanyň goşunynyň şol bir wagtyň özünde raketalar, dronlar we dolandyrylýan howa bombalary bilen hüjümler gurandygy beýan edildi.
Şäher häkimi Terekhow köp gatly binalar we jaýlar bilen birlikde bilim we infrastruktura desgalarynyň hem nyşana alynandygyny aýan etdi.
Harkowyň welaýat häkimi Oleg Sinegubow şäheriň raýat senagat desgalarynyň birine 40 uçarmansyz howa ulagy, bir raketa we dört bomba bilen hüjüm edilendigini, bu hüjümiň ýangyna sebäp bolandygyny we harabalyklaryň aşagynda henizem adamlaryň bolup biljekdigini aýtdy.
Ukrainanyň harby güýçleri Russiýanyň gijäniň dowamynda Ukraina garşy 206 uçarmansyz howa ulagyny, 2 ballistik raketany we 7 tapawutly raketa ulanandygyny aýtdy.
Beýanatda Ukrainanyň goşuny mundan başgada howa goranyş ulgamlarynyň 87 uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi, beýleki 80 uçarmansyz howa ulagynyň elektron harby taktikalary ulanylyp ugrunyň üýtgedilendigi aýan edildi.
Harby resmiler 10 sebitiň hem nyşana alnyp hüjüm guralandygyny habar berdiler.
Ukraina Moskwa sebitini nyşana aldy
Beýleki tarapdan bolsa Ukraina penşenbe güni gije we anna güni Moskwa sebitini uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana aldy. Moskwa sebitiniň gubernatory Andreý Worobýow hüjümlerde 2 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Worobýow: “Gijäniň dowamynda we öňňin 9 uçarmansyz howa ulagy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip belledi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi şenbe güni irden beren beýanatynda, gije howa goranyş ulgamlarynyň Moskwa sebiti bilen birlikde Russiýanyň territoriýasynda 36 ukrain uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirendigini mälim etdi.