Resmiler AFP beren beýanatlarynda Çatdaky tussaghanalaryň birinde bolan ýaragly çaknyşykda 100-den gowrak tussaglynyň gaçandygyny, 3 adamyň ýogalandygyny we tussaghana baran welaýat häkiminiň ýaralanandygyny aýan etdiler.
Tussaglylar anna güni gije ýurduň merkezindäki Mongo şäherçesine 5 km uzaklykda ýerleşýän ýokary howpsuzlykly tussaghanada başlan gozgalaňdan soň gaçdylar.
Mongo şäherçesiniň degişli bolan Guera welaýatynyň baş sekretary Hasan Souleýmane Adam: “Gaçan tussaglylaryň sany takmynan 100 adam, 3 adam ýogaldy, 3 sany adam ýaralandy” diýip habar berdi.
Mongonyň adynyň aýan edilmegini islemedik resmileriniň biri AFP-e beren beýanatynda, tussaglylaryň tussaghananyň ýolbaşçylarynyň biriniň ofisine girip, ýarag ogurlandyklaryny beýan etdi.
Resmi: “Goragçylar bilen ýaragly çaknyşyk başdan geçirildi, edil şol wagt welaýat häkimi geldi we ol hem şol wagt ýaralandy” diýip habar berdi.
Mongo şäherçesiniň resmisi wakada 3 adamyň ýogalandygyny we gaçan tussaglylaryň sanynyň 132 adamdygyny aýan etdi.
Re tussag edilenleriň azyk ýetmezçiliginden zeýrenenden soň gozgalaň turuzandygyny aýtdy.