Ysraýylyň Miras ministri Amiçai Aliýahu sebitleýiň dartgynlaryň dowam edýän günlerinde Eýrana garşy guralmagy ähtimal harby hüjümiň “duýdansyz” boljakdygyny ýaňzytdy.
“Ýediot Ahranot” gazeti Eliýahunyn penşenbe güni Ysraýylyň Eýrana hüjüm meýilnamalary hakynda mediada çykan habarnamalar barada; “Aramyzdaky hiç kim Eýrana haçan we nähili guraljakdygyny bilmeýar” diýendigini ýazdy.
Eliýahu “Hemmeler Hasan Nasralla guralan duýdansyz hüjümi ýatlaýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Strategiýa göra uruş duýdansyz başlar” diýen Eliýahu, giňişleýin maglumat bermedi.
Bu beýanatlar ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýadro maksatnamasy boýunça aýlawly gepleşikleriň netijesizdigi hakyndaky habarnamalaryň Ýakyn Gündogarda näbelliligi artdyran günlerine gabat geldi.
Ýadro gepleşiklerindäki esasy düşnüşmezlik Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky esasy düşnüşmezlik Eýranyň urany gaýtadan işleme maksatnamasy bolmagynda galýar.
“Eýran ABŞ-nyň harby bazalaryny bombalar”
ABŞ urany gaýtadan işlemegiň doly bes edilmegini talap edýän bolsa, eýranly resmiler maksatnamanyň geňeşmelere degişli däldigini we ylalaşyk gazanylsyn ýa-da gazanylmasyn, dowam etjekdigini öňe sürýär.
Mundan ozal diplomatiýadan netije alynman halatynda harby çäräniň görülmeginiň tarapynda durýandygyny beýan eden ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, çarşenbe güni Eýranyň urany gaýtadan işlemegi bes etmegine bolan ynamynyň azdygyny aýtdy. Şol gün Eýranyň Goranmak ministri Aziz Nasirzadeh Eýrana hüjüm edilen halatynda sebitdäki Amerikan harby bazalaryny bombalajakdyklaryny beýan etdi.
ABŞ, Ysraýyl we käbir beýleki ýurtlar Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmäge synanşýandygyny öňe sürýär. Resmi Tähran bolsa ýadro maksatnamasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini we energiýa önümçiligine esaslanýandygyny öňe sürýär.
Eýran käbir ýadro maksatnamalaryny çäklendirmegiň öwezinde halkara sanksiýalardan halas bolmagy nazarda tutýar we halkara hukugyň çäginde parahatçylykly ýadro energiýa öndürme hukugyny goramaga çalyşýar.
Ysraýyl sebitde ýadro ýaragy bolandygy çaklanylýan ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar, emma ony resmi taýdan kabul etmeýär we ol halkara gözegçilige hem degişli däl.