Ysraýyl, gabaw astyndaky Gaza tarap barýan gämini saklamagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Halkara derejesinde iş alyp barýan meýletinler, Ysraýylyň dowam etdirýän hüjümleri sebäpli ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýan şertlerinde Gaza goýlan gabawy bozmagy maksat edinýär.
Ysraýylyň harby radiosy duşenbe güni Ysraýylyň deňiz güýçleriniň Sisilýadan ugran Madleen atly Azatlyk flody gämisiniň gelmegi üçin taýarlyk görýändigini habar berdi. Habara görä 12 ekipažy bolan gämi deňiz gabawyny bozmagy maksat edinýär.
Azatlyk flody koalisiýasy tarapyndan berlen beýannamada Madleen atly gäminiň adam hukuklaryny goraýjylary we ynsanperwer kömegini alyp barýandygy we Ysraýylyň edýän genosidine garşy durýandygy bellenildi.
Gäminiň ýolagçylarynyň arasynda Ýewropa Parlamentiniň Fransiýaly agzasy, palestinaly Rima Hassan ýaly dürli ýurtlardan gelen meýletinler bar. Gämi Gazanyň halky üçin un, tüwi, lukmançylyk enjamlaryny, arassaçylyk serişdelerini we çagalar üçin protez alyp barýar.
Gämiň bir hepdäniň dowamynda Gaza barmagyna garaşylýar. Ynsanperwer kömek gämisine Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan halkara suw giňişliginde saklanmak howpy abanýar.
Bu ýolagçylyk koalisiýasynyň maý aýynyň başlarynda başladan şuňa meňzeş başlangyjyny dowam etdirmek isleýändigini görkezýär. Şol döwürde Wyjdan atly floda degişli gämä halkara suw giňişliginde Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan hüjüm guralypdy. Hüjüm sebäpli gäminiň bir bölegi ýanypdy.
Gazanyň media gullugy bolsa Ysraýyly Gazany 2,4 million adamy başga ýere göçürmek üçin açlygy ýarag hökmünde ulanmakda günäkärleýär. Ysraýyl 2-nji martda ähli gümrük geçelgelerini ýapypdy we esasan sebite azyk kömeginiň berilmegini bökdeýär.
Ysraýylyň hüjümleri
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazadaky genosidini dowam etdirýär. Hüjümler sebäpli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 54 müň 470 adam ýogaldy.
Palestinanyň WAFA habarlar gullugyna görä, 11 müňe golaý palestinaly hem ýykylan öýleriň aşagynda galdy.
Hünärmenler bolsa hüjümler sebäpli 200 müňe golaý adamyň ýogalandygyny öňe sürýär.
Sebitiň esasy bölegini harabalyga öwüren Ysraýyl asuda ilata ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýär.
Ynsanperwer kömek guramalary 2 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan sebitiniň gytlyk howpuna sezewardygyny mälim etdi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara jenaýat kazyýeti Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky Goranmak ministri Gallandyň Gazadaky harby we adamzada garşy eden jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul etdi.
Sebitde adamzada garşy edýän jenaýatlary sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem Ysraýyl hakynda genosid işi gozgaldy.