SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýyl Eýranyň Prezidentini öldürmäge synanşdy
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, amerikaly žurnalist Taker Karlsona beren beýannamasynda “Hawa synanşdylar emma netijesiz boldy” diýip belledi.
Ysraýyl Eýranyň Prezidentini öldürmäge synanşdy
6 hours ago

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan duşenbe güni beren beýannamasynda geçen aý Eýran bilen 12 gün çaknyşan Ysraýylyň janyna kast etmäge synanşandygyny aýtdy.

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, amerikaly žurnalist Taker Karlsonyň Ysraýylynyň onuň janyna kast edip etmändigi hakyndaky soragyna “Hawa synanşdylar emma netijesiz boldy” diýip jogap berdi.

Pezeşkiýan pars dilindäki beýannamasynda, “Ýaňy ýakynda bolan söweşde janyma kast etmäge synanşdylar. Synanşygyň arkasynda ABŞ däl eýsem Ysraýyl bardy. Maslahat geçirýän binamyzyň ýerleşýän ýerini bombalamaga çalyşdylar” diýdi.

Ysraýyl 13-nji iýunda Eýrana garşy bombaly hüjüm başlatdy we ýokary derejeli serkerdeler bilen birlikde ýadro hünärmenlerini we alymlary öldürdi.

Ysraýyl 12-nji aprelde başlan täze ýadro gepleşikleriniň çäginde Tähranyň we Waşingtonyň wekiliýetiniň möhüm duşuşyk geçirmeginden birnäçe gün ozal Eýrana hüjüm gurady.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Eýranda 900-den gowrak adam ýogaldy.

Eýran tarapyndan uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen Ysraýyla guralan hüjümlerde bolsa 28 adam ýogaldy.

Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda 12 gün dowam eden söweşde ABŞ bilen Ysraýyl Eýranyň Fordo, Natanz we Yspyhan ýadro desgalaryna hüjüm guraldy.

Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan beýannamasynda iki ýurduň arasynda ynamyň täzeden dikeldilmeginden soň ýadro gepleşikleriniň başlap biljekdigini aýtdy.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us