Nýu-Ýork Taýmes gazeti, ABŞ-nyň Siriýanyň demirgazyk gündogaryndan ýüzlerçe esgerini yzyna çekmäge başlandygyny habar berdi.
Gazet, penşenbe güni beren we amerikaly ýokary derejeli 2 ýolbaşça salgylanýan habarynda, harby goşunyň Siriýanyň demirgazyk gündogaryndaky 8 harby merkeziň 3-ni ýapandygyny we esger sanyny 2 müňden 1400-e çenli azaldandygyny mälim etdi.
Ýolbaşçylar, amerikaly serkerdeleriň 60 günüň dowamynda şol sanyň has-da azaldylmagy meselesini seljerjekdigini mälim etdi.
Serkerdeler, Siriýada 500 esgeriň galmagyny maslahat berýär.
Habarda, Prezident Donald Trampyň esgerleriň Siriýada galmagyna oňyn garamaýandygyna üns çekildi.
Tramp, ýanwar aýynda beren beýannamasynda, Amerikan güýçleriniň çekiljekdigi baradaky habarlardan soň “Siriýadaky esgerler meselesini seljereris” diýipdi.
Tramp Ak Tamda beren beýannamasynda “Biz Siriýada galman bileris. Siriýa ähli işleriniň hötdesinden geler. Siriýa onsuz hem çylşyrymly, bizi goşmaklaryna hajat ýok” diýipdi.
Gazet, Pentagon we Merkezi güýçler serkerdeligi tarapyndan amerikan esgerleriniň yzyna çekilýändigine ünsi çekdi.