ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, anna güni Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýesir çalşygy boýunça möhüm gepleşigiň geçirlendigini aýtdy.
Tramp Trut Sosial platformasyndan beren habarnamsynda “Gepleşikler sebäpli taraplary gutlaýaryn. Bu uly özgerlişige sebäp bolup bilermi?” diýdi.
Kreml hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň ýesir çalşygy hakynda pikir alyşandygyny mälim edipdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň, Ukrainada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi baradaky çagyryşy bolsa Putin tarapyndan kabul edilmedi.
Russiýa-Ukraina gepleşikleri
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün beren beýannamasynda Ukraina bilen ýakynda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdy.
Moskwada geçirlen konferensiýada çykyş eden Lawrow parahatçylyk üçin edilýän tagallalaryň dowam edýändigini we Russiýanyň bu mesele boýunça öňe gidişlik edendigini belledi.
Beýleki tarapdan TASS habarlar gullugynyň Russiýanyň Goranmak ministrligine esaslanýan habaryna görä, rus güýçleri Ukrainanyň Harkow sebitiniň Radkiwka etrabynyň gözegçiligini ele geçirdi.