DÜNÝÄ
2 minut okamak
Putin: Eýranyň ýerasty urany gaýtadan işleýän desgalary öz işini dowam etdirýär
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň Ysraýylyň hüjümlerinden soň öz liderleriniň töwereginde jebisleşýändigini nygtady we Tähranyň Moskwadan harby kömek soramandygyny belledi
Putin: Eýranyň ýerasty urany gaýtadan işleýän desgalary  öz işini dowam etdirýär
7 соат олдин

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, eýranyň halkynyň liderleriniň töwereginde birleşendigini, Ysraýylyň deňi-taýy görülmedik hüjümlerine garamazdan Eýranyň ýerasty urany gaýtadan işleýän desgalarynyň öz işini dowam etdirýändigini belledi.

Eýranyň paýtagty Tähranda ýaşaýanlar howa hüjümleri sebäpli şäheri terk edýär.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin çarşenbe güni beren beýannamasynda, degişli taraplaryň Eýranyň parahatçylykly maksatly ýadro energiýasyna eýe bolmak hukugyna sarpa goýmalydygyny we Ysraýylyň şertsiz howpsuzlygyny üpjün edýän çözgüdiň tapylmalydygyny nygtady.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň, Ysraýylyň harby hüjümleriniň Eýranda hökümetiň agdarylmagy sebäp bolup biljekdigi hakyndaky beýannamasy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýranyň şertsiz boýun egmegini talap etmegi baradaky soragyna jogap beren Putin, ilkinji nobada maksadyňa ýetip ýetmejekdigiňe üns berilmelidigini nygtady.

Sankt-Peterburgda metbugata beýannama beren Putin, “Şu günki günde Eýranda ähli kynçylyga we içerki syýasy etaplara garamazdan halkyň liderleriniň töwereginde jebisleşýändigini görýäris”diýdi.

Tramp we Netanýahu bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýdan Putin, Moskwanyň çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky tekliplerini ýetirendigini nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Putin, Eýranyň urany gaýtadan işleýän desgalarynyň öz işini dowam etdirýändigini ýatlatdy.

“Eýranyň ýerasty desgalary, olara hiç zat bolmady” diýen Putin, meseläniň Eýranyň we Ysraýylyň bähbidine laýyklykda çözülmelidigini sözleriniň üstüne goşdy.

Eýran, Russiýadan harby kömek soramady

Russiýanyň Prezidenti Putin, Eýranyň Moskwadan harby kömek soramandygyny aýtdy.

“Eýran bizden hiç hili harby kömek soramady” diýen Putin, “Hatda biz ozal howa goranyş ulgamlaryny bilelikde ösdürmegi teklip edipdik. Emma Eýran bu meselä oňyn garamady” diýip belledi.

Eýranyň bähbitlerini kepillendirmek we Ysraýylyň aladalaryny ortadan aýyrjak alternatiwleriň bardygyny we olary hyzmatdaşlaryna hödürländiklerini nygtan Putin, Russiýa bilen Eýranyň Buşehr ýadro elektrik desgasynda täze iki ýadro bölüminiň gurulmagy boýunça şertnama baglaşandygyny aýtdy.

Putin “200-den gowrak hünärmenimiz ol ýerde iş alyp barýar. Biz Ysraýylly ýolbaşçylar bilen olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça ylalaşyk gazandyk” diýip belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow, çarşenbe güni beren beýannamasynda, Moskwanyň ABŞ-na Eýrana hüjüm guramazlygy maslahat berendigini, sebäbi munyň Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny nygtady.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us