SYÝASAT
1 minut okamak
NATO: Türkiyäniň goranyş senagaty Ýewropa we onuň ýaranlary bilen has ýakyn baglanyşykly bolmaly
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rýutte: “Türkiyäniň gaty uly goranyş senagat bazasy bar. Käwagt olaryň nähili derejede güýçlidigini ýatdan çykarýarys” diýip belledi.
NATO: Türkiyäniň goranyş senagaty Ýewropa we onuň ýaranlary bilen has ýakyn baglanyşykly bolmaly
منذ 10 ساعات

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rýutte Türkiyäniň goranyş senagat bazasyna ýokary baha berdi we ýurduň goranyş senagatynyň Beýik Britaniýa, Norwegiýa we Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn baglanyşykly bolmalydygyny aýtdy.

Sişenbe güni Gaagada geçirilen NATO Jemgyýetçilik forumynda Rýutte "Türkiyäniň gaty uly goranyş senagat bazasy bar. Käwagt nämelere eýedigini ýatdan çykaýrays. Käbir kärhanalaryna baryp gördüm, diýseň täsir galdyryjy" diýdi.

Rýutte: “Türkiyäniň goranyş senagat bazasyny Beýik Britaniýa, Norwegiýa we Ýewropa Bileleşigi bilen mümkin boldugyça ýakyn arabaglanyşygyny üpjün etmelidiris" diýdi.

Rýutte goranyş hyzmatdaşlygy çarçuwasynyň çäginde, alýansyň içinde içerki bölünşikleriň emele getirilmezligi babatynda duýduryş berip: “NATO-nyň içinde bular ýaly görnüşli päsgelçilikler bolmaly däldir. Olar peýda getirmez” diýip belledi.

NATO-nyň 32 agza döwletiniň ýolbaşçylary 24-25-nji iýunda Gaagada goranyş çykdajylarynyň ýokarlanmagyna we Ukrainanyň agzalyk arzasyna bagyşlanan möhüm sammit geçirer.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us