Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýekşenbe güni beren beren beýannamasynda, ýurdunyň ABŞ-na sarpa goýýandygyny we ABŞ-nyň hem Russiýanyň milli bähbitlerine sarpa goýmagyna garaşýandygyny aýtdy.
Putin rus žurnalist Pawel Zarubin bilen geçiren söhbetdeşliginde “Amerikalylar, amerikan halky, Amerikan liderligi we prezident öz milli bähbitlerine sarpa goýýar we biz hem olara sarpa goýýarys. Olaryň hem şeýle çemeleşmegine garaşýarys” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ukraianda atyşygyň bes edilmegi üçin Russiýanyň Prezidenti Putin hem-de Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen duşuşmak isleýändigi hakyndaky çykyşyndan soň Putin möhüm beýannama berdi.
Tramp, Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde Stambul şäherinde russiýaly we ukrainaly ýokary derejeli wekiliýetleriň arasynda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinden soň Putin we Zelenskiý bilen duşuşup biljekdigini aýtdy.
Stambulda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde taraplar 1000 ýesiriň çalşylmagy we atyşygyň bes edilmegi baradaky gepleşikleriň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.
Russiýa tarapyndan “ýörite harby operasiýa” hökmünde häsiýetlendirlen Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar hakynda durup geçen Putin, ýurdunyň bu operiýada islenen netijäni almak üçin ýeterlik güýje eýedigini belledi.
Putin çaknyşyklaryň rus dilini ene dili hökmünde görýän, şol sebitlerde ýaşaýan we Russiýany watany hökmünde kabul eden ynsanlaryň bähbitleriniň goralmagyny maksat edinýändigini belledi.