DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde guralan köpçülikleýin ýaragly hüjümde azyndan 2 adam ýogaldy
Polisiýa gullugy Filadelfiýa şäherindäki ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adamyň ýogalandygyny we çagalar bilen birlikde 9 adamyň ýaralanandygyny, waka bilen baglanşykly bolsa derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde guralan köpçülikleýin ýaragly hüjümde azyndan 2 adam ýogaldy
May 27, 2025

ABC News bilen arabaglanşykly bolan Action News telewideniýe kanaly tarapyndan berlen habara görä, Filadelfiýa şäheriniň Fairmount Park sebitde başdan geçilen ýaragly hüjüm wakasynda 2 adam ýogaldy, azyndan 9 adam ýaralandy.

Reuters bu habary dessine tassyklap bilmedi, Filadelfiýa polisiýasy bolsa beýanat bermek baradaky haýyşlara şol bada jogap bermedi.

Hüjüm bilen bagly tussag edilenleriň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.

Polisiýa gullugynyň habar çeşmeleri pida bolanlaryň azyndan ikisi ýetginjek ýaşyna ýetmediklerden ybaratdygy, emma ýaşlary barada anyk maglumat berilmändigi habar berildi.

Ýogalan adamlaryň ýaşlary barada hem entek anyk maglumat berilemdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us