TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye Ysraýylyň Jeninde diplomatlara ot açylmagyny ýazgardy
Ankara ysraýylly esgerleriň Jenined aralarynda Türkiyäniň konsullyk işgärlerniň hem bolan diplomatlara ot açmagyny ýazgardy we onuň halkara hukukyň berk düzgün bozmasydygyny belläp, hereketiň global derejede ýazgarylmagy barada çagyryş berdi.
Türkiye Ysraýylyň Jeninde diplomatlara ot açylmagyny ýazgardy
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi
11 часов назад

 Türkiyäniň Daşary işler ministrligi ysraýylly esgerleriň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Jenin şäherinde aralarynda Türkiyäniň konsullyk işgärlerniň hem bolan diplomatlara  garşy ot açylmagyndan soň, waka bilen baglanyşykly güýçli ýazgaryş beýanatyny çap etdi.

Çarşenbe güni çap edilen beýanatda ministrlik bu hüjümi "diplomatik howpsuzlyga agyr howp" we Ysraýylyň "halkara hukuga we adam hukuklaryna yzygiderli hormat goýmazlygynyň başga bir subutnamasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Beýanatda: “Aralarynda Iýerusalimdäki Baş konsullugymyzyň işgäri hem bolan diplomatlara, Jenin şäherine amala aşyrlan saparda ysraýylly esgerler tarapyndan ot açylmagyny iň berk ýagdaýda ýazgarýarys” diýip bellenip, diplomatlaryň janyna howp salynandygy we onuň kabul ederliksizdigi beýan edildi.

Waka bilen bagly tiz wagtda derňewiň geçirilmegi barada talap bildirildi

Türkiyäniň daşary işler ministrligi bu waka boýunça tiz wagtda derňew geçirilmegini talap etdi we jogapkärleriň hasaba çekilmelidigini nygtady. Şeýle hem, halkara jemgyýetçiligini bu waka garşy berk pozisiýa eýelemäge çagyrdy.

Beýanatda: “Diplomatlaryň nyşana alynmagy diňe bir şahsy howpsuzlyga däl, eýsem döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän özara hormat we ynama hem agyr howp salýar” diýip nygtaldy.

Türkiye halkara aktýorlara bu hüjümi "iň berk ýagdaýda ýazgarmaga" we Ysraýylyň basylyp alnan Palestina topraklaryndaky "jezasyzlyk sowudyna" garşy anyk ädimler etmek barada çagyryş berdi.

Ysraýylyň resmilerinde bu waka boýunça häzirlikçe resmi beýanat berilmedi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us