Geçen ýyl ünsleri özüne geçen bu başlangyjyň çäginde Türkiýede şu tomus hem 27 muzeý bilen birlikde arheologik ýadigärlikler ýary gijä çenli açyk bolar.
2025-nji ýylyň iýun aýynyň 1-i bilen oktýabr aýynyň 1-i aralygynda dowam etjek bu başlangyç, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary, taryhy we medeni baýlyklary agşamara gezip görmekleri üçin amatly mümkinçilik döredýär.
Meýilnama, medeniýet syýahatçylygyny ösdürmegi we gündüzki gezlençler üçin has amatly mümkinçilik döretmek maksady bilen taýarlandy.
Iň meşhur ýerlerden biri Izmirdäki ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan gadymy Efes şäheridir.
Bir wagtlar gadymy dünýäniň ýedi gudratyndan biri bolan Artemis ybadathanasynyň galyndylary bilen ýakyndan tanalýan Efes, her hepde çarşenbeden we şenbe gününe çenli sagat 23.00-a çenli açyk bolar. Gadymy Efes şäheri beýleki günlerde bolsa ir sagat 08.00-dan agşam 19.00-a çenli açyk bolar.
Türkiýäniň günorta gündogarynda ýerleşýän Adyýamandaky Nemrut dagy ir ertir 04.00-dan sagat 09.00-a çenli açyk bolar. Syýahatçylar ol ýerde monumental heýkellere günüň doguşynda syn edip bilerler.
2.150 metr belentlikde ýerleşýän bu ýer Kommagen patyşasy Antioh Y tarapyndan gurdurlan elen döwrüne degişli ýadigärlik heýkellere ýer eýeçiligini edýär.
1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alynan bu ýer syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Aspendos, Patara, Side sagat 22.00-a çenli açyk bolar.
Antalyýada, Antalýa muzeýi, Alanýa muzeýi we Nekropol muzeýi ýaly meşhur syýahatçylyk ýerleri hem sagat 22.00-a çenli açyk bolar.
Gadymy Aspendos, Patara, Side şäherleri hem sagat 22.00-a çenli açyk bolar.
Günbatara tarap gidenimizde Didimdäki Apollon ybadathanasy sagat 21.00-a çenli, Bodrumdaky Suwasty arheologiýa muzeýi sagat 22.00-a çenli açyk bolar
Denizlidäki gadymy Hierapolis şäheri bolsa sagat 23.00-a çenli açyk bolar.
Aýasofýa muzeýi bilen Türk we yslam eserleri muzeýi sagat 22.00-a çenli açyk bolar
Galata minrasy bolsa sagat 23.00-a çenli açyk.
Kappadokýada deňsiz-taýsyz tebigy gözellikleri bilen ýakyndan tanalýan sebitde Derinkuýu, Kaýmakly we Özkonak ýaly ýerasty şäherleri bilen Zilwe-Paşabaglary açyk howa muzeýi sagat 21.00-a çenli açyk.
Paýtagt Ankarada bolsa Atatürkiň islegi bilen gurlan we sebitiň gadymy Hitit mirasyny sergileýän Anadoly medeniýetleri muzeýi sagat 21.00-a çenli açyk
Golaýyndaky Etnografiýa muzeýi hem sagat 21.00-a çenli açyk bolar.
Katolik döwründen Rim döwrüne çenli bolan birnäçe eseri özünde jemleýän Samsun Arheologiýa we etnografiýa muzeýi sagat 22.00-a çenli açyk.