DÜNÝÄ
2 minut okamak
Bütindünýä banky: “Siriýanyň bergileri aýryldy, täze karzlar üçin amatly şert döredildi”
Bütindünýä banky 12-nji maýa çenli Siriýanyň Halkara Ösüş bileleşigine ýagny bankyň dünýäniň iň garyp ýurtlara karz pul berýän gaznasyna hiç hili bergisiniň ýokdygyny mälim etdi.
Bütindünýä banky: “Siriýanyň bergileri aýryldy, täze karzlar üçin amatly şert döredildi”
5 ساعت پیش

Bütindünýä banky, Siriýanyň 15,5 million dollarlyk bergisiniň Saud Arabystany we Katar tarapyndan tölenendigini we Siriýanyň ýurduň gaýtadan dikeldiş işleri we bujet goldawy üçin millionlarça dollarlyk grantlar üçin ýüz tutup biljekdigini mälim etdi.

Saud Arabystany bilen Katar, aprel aýynda Siriýanyň köptaraplaýyn ösüş bankyna bolan bergilerini üzjekdiklerini we şeýlelikde Siriýanyň bankyň düzgünlerine görä täze grantlara ýüz tutup biljekdigini mälim edipdi.

Saud Arabystany bilen Katar, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa goýlan ähli sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça görkezme berjekdigi hakyndaky garaşylmadyk göçüminden soň möhüm beýannama berdi.

ABŞ-nyň 13 ýyllyk içerki uruşdan soň gaýtadan dikeldiş etabyna giren Siriýa sanksiýalar boýuna käbir ýeňillik döretmegine garaşylýar.

Bütindünýä banky 12-nji maýa çenli Siriýanyň Halkara Ösüş bileleşigine ýagny bankyň dünýäniň iň garyp ýurtlara karz pul berýän gaznasyna hiç hili bergisiniň ýokdygyny mälim etdi.

Bank tarapyndan berlen beýannamada, “Siriýanyň bergileriniň  tölenmegi, Bütindünýä banky toparynyň ýurt bilen täzeden hyzmatdaşlyk etmegine we siriýanyň halkynyň ösüş zerurlyklaryny çözmäge mümkinçilik döredilmegine kanagatlanma bildirýäris”diýildi.

Birnäçe ýyl dowam eden çaknyşyklardan soň ýurt gaýtadan dikeldiş etabyna girdi.

Bank, siriýanyň halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurduň we sebitiň durnuklylygy üçin beýleki ýurtlar bilen işleşjekdigini mälim etdi.

Bank Siriýa bilen ilkinji taslamasyny elektrik energiýasyna elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirer.

Bu taslama ykdysady ösüşe, saglygy goraýyş, bilim, agyz suwy üpjünçiligi bilen birlikde ýaşaýyş serişdeleri ýaly möhüm hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us