Tähran Waşington bilen Muskatda geçirilen soňky ýadro gepleşikleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin öňünden meýilleşdirilen Moskwa saparyny tassyklady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary duşenbe güni beren beýanatydna, Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň şu hepde Moskwa sapar gurap, Omanyň paýtagty Muskat şäherinde ABŞ bilen geçirilen ýadro gepleşikleriniň soňky ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşjakdygyny habar berdi.
Şenbe güni Arakçi Muskatda ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça wekili Stiw Witkoff bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk 2015-nji ýyldaky ylalaşygyň ýatyrylmagyndan soň Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky iň ýokary derejeli ýadro gepleşigi boldy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bakai bu saparyň ozaldan meýilleşdirilendigini we Muskatda geçirilen gepleşikler bilen baglanşykly soňky ýagdaýyň ele alynmagy taýdan mümkinçilik boljakdygyny belläp: “Dr. Arakçi hepdäniň ahyrynda Moskwa sapar gurar” diýip belledi.
Eýran we ABŞ şenbe günki gepleşikleri “konstruktiw” diýip häsiýetlendirdiler.
Bu gepleşikler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýranyň ýokary lideri Aýetullah Ali Hameneýe hat iberip, ýadro gepleşikleriniň geçirilmegi barada teklip hödürländigi we Tähranyň ret etmegi ýagdaýynda harby çäreleriň mümkindigi barada duýduryş bermeginden birnäçe hepde soň geçirildi.
Eýranyň ýakyn ýarany bolan Russiýa we Hytaý soňky hepdelerde Eýran bilen onuň ýadro programmasy barada gepleşikler geçirdiler. Moskwa Eýran-ABŞ gepleşiklerini goldap, diplomatik çözgüt üçin çagyryş berdi we harby çaknyşygyň “global betbagtçylyk” boljakdygy barada duýduryş berdi.
Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky nobatdaky gepleşikler şenbe güni, 19-njy aprelde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Eýran heniz gepleşikleriň geçiriljek ýerini tassyklamady, ýöne Gollandiýanyň daşary işler ministri we diplomatik çeşmeler bu gepleşikleriň Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçiriljekdigini aýtdylar.
2018-nji ýylda, Trampyň ilkinji prezidentlik möhletinde, Waşington 2015-nji ýyldaky ylalaşykdan çykyp, Tährana garşy agyr sanksiýalary täzeden girizipdi. Eýran Trampyň ylalaşykdan çykmagyndan soň bir ýyl ylalaşyga laýyklykda hereket etdi, ýöne soňra onuň ýerine ýetirilişini kem-kemden azaltdy.
Eýran hemişe ýadro ýaraglaryny edinmek islemeýändigini aýdyp geldi.
Halkara Atom Energiýasy agentliginiň başlygy soňky gezek geçen ýylyň noýabr aýynda Eýrana sapar gurap, Prezident Mesud Pezeşkian bilen duşuşyk geçiripdi.
Agentligiň fewral aýynda çap eden soňky çärýeklik hasabatynda Eýranyň 60 göterime çenli baýlaşdyrylan 274.8 kilogram (605 funt) uranynyň bardygy aýdylýar. Bu mukdar 2015-nji ýyldaky ylalaşykda kesgitlenen 3.67 göterim çäginden ep-esli ýokarydyr we ýarag derejesindäki material üçin zerur bolan 90 göterim çägine has ýakyndyr.