TÜRKIÝE
2 minut okamak
Hakan Fidan Siriýada hiç bir ýurt bilen çaknyşyk islemeýändigini beýan etdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri: “Türkiye hökmünde Ysraýyl bilen birlikde Siriýada hiç bir ýurt bilen söweşmek niýetimiz ýok” diýip belledi.
Hakan Fidan Siriýada hiç bir ýurt bilen çaknyşyk islemeýändigini beýan etdi
Hakan Fidan
April 10, 2025

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiyäniň Siriýada Ysraýyl bilen birlikde hiç bir ýurt bilen söweşe girmek niýetiniň bolmandygyny beýan etdi.

Çarşrnbr güni CNN Türk kanalynda göni ýaýlymda çykyş eden Hakan Fidan, möhüm ugurlaryň üstünde durup geçdi we soraglara jogap berdi. Hakan Fidan Siriýanyň garaşsyz bir ýurtdygyny belläp: “Türkiye hökmünde Ysraýyl bilen birlikde Siriýada hiç bir ýurt bilen söweşmek niýetimiz ýok” diýip nygtady.

Hakan Fidan: “Ysraýylyň sebitleýin giňeltmek islegleri bilen Siriýany küşgürmäge synanyşmagy kabul ederlikli däl” diýip aýtdy.

Hakan Fidan Türkiyäniň sebitdäki hiç bir ýurt bilen söweşmek islemeýändigini ýatlatdy, emma Ankaranyň Siriýanyň ýaňadandan içeki uruş, operasiýalar ýa-da Türkiyäniň milli howpsuzlygyna wehim saljak öjükdiriji hereketlere sezewar galan halatynda jogapsyz goýmajakdygyny aýan etdi.

Fidan: “Biz diňe synlap oturmarys” diýip nygtady.

Fidan, şeýle hem Ysraýylyň agdarylan Asad režiminden soň Siriýanyň harby infrastrukturasyny weýran etmegini tankytlady we Tel Awiwiň täze Siriýa hökümetini we ýaragly güýçlerini "hiç zat" goýmazlyga gönükdirilen strategiýany işläp düzendigini we ädimme-ädim durmuşa geçirýändigini belledi.

Türkiýäniň ilkinji nobatda diplomatik ädimleri edýändigini aýdan Hakan Fidan: “Bize hüjüm etmeýän hiç bir ýurda aç-açan hüjüm etmeýäris. (Emma) goňşy ýurtda durnuksyzlyk dörese we bu bize hem zyýan ýetirip biljek bolsa, biz sessiz galyp bilmeris” diýip habar berdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň ABŞ-a sapary barada berlen soraga jogap berip, Fidan: “ABŞ Netanýahu üçin çäkleri kesgitlemeli we çarçuwany döretmeli” diýdi.

Tehniki aragatnaşyklar

Türkiye bilen Ysraýylyň göni ýa-da aýlawly gepleşik geçirýändigi baradaky öňe sürmeler barada Hakan Fidan: “Biz Siriýada käbir operasiýalary geçirýän wagtymyz, şol sebite uçýan Ysraýyl bilen, edil Amerikalylar we Ruslar bilen bolşy ýaly, belli bir derejede çaknyşygyň öňüni alyş mehanizminiň bolmagy zerur” diýdi.

Fidan: “ysraýyl bilen tehniki aragatnaşyk bar we zerur bolan halatynda gönüden gepleşikler geçirilýär” diýdi.

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen gatnaşyklary barada Hakan Fidan: “Hormatly Tramp biziň prezidentimizi lider hökmünde hormat goýýar we onuň bilen gowy gatnaşykda” diýdi.

Erdogan bilen Trampyň haçan duşuşjakdygy baradaky soraga jogap beren Fidan, ol iki lideriň özara mümkin bolan ilkinji pursatda duşuşmaga isleg bildirýändigini aýtdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us