TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdogan Azerbaýjanda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşýar
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan, Azerbaýjanyň Garabag sebitinde geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitine gatnaşýar.
Erdogan Azerbaýjanda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşýar
6 hours ago

Prezident R. T. Erdogan, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi.

Sammit Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ýerleşýän Hankendi şäherinde geçirilýär.

Prezident Erdoganyň uçary şu gün irden Fuzuli şäherine gondy. Erdogan ol ýerden sammitiň geçiriljek şäheri bolan Hankendä gitdi.

Prezident Erdogana Azerbaýjana guraýan iş saparynda Daşary işler ministri Hakan Fidan, Söwda ministri Ömer Bolat, Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly we Maşgala we sosial hyzmatlar minisrti Mahinur Özdemir Göktaş bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar ýoldaşlyk edýär.

10 agzasy bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderleri sammitiň çäginde söwda, energiýa, transport ýaly beýleki ugurlarda edilýän özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meselesi hakynda pikir alyşar.

Strategik platforma

1985-nji ýylda Türkiýe, Eýran we Pakistan tarapyndan esaslandyrlan gurama, Sowet soýuzynyň dargamagyndan soň Orta Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň goşulmagy bilen sebitleýin gurama öwrüldi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitleri, ykdysady utgaşyklygy höweslendirmek, sebitleýin arabaglanşygy güýçlendirmek we syýasy dialogy ösdürmek üçin esasy paltforma hökmünde hyzmat edýär.

Şu ýylky sammit esasan Azerbaýjanyň geçen ýyl Garabagda doly gözegçiligi ýola goýmagyndan soň Günorta Kawkaza bolan geosyýasy ünsüň ýokarlaýan döwrüdne geçirilýär.

Türkiýe Azerbaýjanyň ýakyn ýarany hökmünde Bakuwyň çaknyşykdan soňky ösüş tagallalaryna, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Orta koridor taslamasyna uly goldaw berýär.

Prezident Erdogan sammite gatnaşmagy Ankaranyň sebitleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini we Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygyny görkezýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us