DÜNÝÄ
2 minut okamak
Siriýanyň harby güýçleri Asada bagly güýçleriň nebit desgasyna guramak islän hüjüminiň öňüni aldy
Asada bagly güýçleriň utgaşdyrylan hüjümler guramak bilen birlikde, kenarýaka Latakiýa we Tartus welaýatlarynda dartgynlyklar artdy we Başar Asadyň agdarylmagyndan bäri uly çaknyşyklar we durnuksyzlyklar artdy.
Siriýanyň harby güýçleri Asada bagly güýçleriň nebit desgasyna guramak islän hüjüminiň öňüni aldy
Siriýa / TRT Global
10 Mars 2025

Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri Latakiýada, demirgazyk-günbatar Siriýada ýerleşýän SADCOP nebit kärhanasyna Asada bagly güýçleriň galyndylary tarapyndan guralan hüjümiň öňüni aldy.

Döwlet habarlar gullugy SANA, howpsuzlyk çeşmeleriniň birine esaslanyp beren habarynda, bir howpsuzlyk ulag kerweniniň Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatyndan kenaraýaka sebitine tarap hereket edendigini we Asada bagly güýçleriň galan bölegini gözegçilik edip sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýaňadandan ýola goýmak üçin iş alyp barýandygyny habar berdi.

Habar çeşmesi SADCOP-a garşy guralan hüjümiň yzyna serpikdirilendigini, emma has köp maglumat bermejekdigini mälim etdi.

Soňky günlerde Asada bagly güýçleriň utgaşdyrylan hüjümler guramak bilen birlikde, kenarýaka Latakiýa we Tartus welaýatlarynda dartgynlyklar artdy. Şol hüjümler dekabr aýynda Başar Asadyň agdarylmagyndan bäri iň aldym-berdimli çaknyşyklardygy, howpsuzlyk patrullaryna, gözegçilik nokatlaryna we hassahanalara garşy hüjümler guralandygy we adam pidalarynyň çekilendigi aýan edildi.

Şoňa jogap hökmünde howpsuzlyk we harby güýçler hüjümçileri yzarlamak üçin giň gerimli operasiýalar başlatdy. Şol operasiýalar güýçli çaknyşyklara sebäp boldy, emma hökümet resmileri ýagdaýyň doly durnuklylyga tarap barýandygyny öňe sürýärler.

“Garaşylýan kynçylyklar”

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Aş-Şaraa ýurduň kenarýaka sebitindäki soňky howpsuzlyk wakalarynyň "gözegçilik" astyndadygyny belledi we olary "garaşylýan kynçylyklar" diýip häsiýetlendirdi.

Ahmed Aş-Şaraa: "Krizis howpsuz ýagdaýda geçdi" diýip belläp, Damaskyň Al Mezzeh etrabyndaky metjitde erte namazyndan soň, sosial mediada paýlaşylan wideo arkaly nygtady.

Aş-Şaraa: "Ýurtda bolup geçýän zatlar garaşylýan kynçylyklar. Biz milli agzybirligi we siriýalylaryň arasynda raýat parahatçylygyny goramalydyrys. Biz bu ýurtda mümkin boldugyça bilelikde ýaşamalydyrys” diýip habar berdi.

ÝB Siriýanyň geçiş döwrüni bozmak synanyşyklaryny ýazgardy

Ýewropa Bileleşigi Başar Asada bagly güýçleriň galyndylary tarapyndan Siriýanyň hökümet güýçlerine guralan hüjümlerini ýazgardy.

Başar Asad, 25 ýyla golaý Siriýanyň lideri bolup, 8-nji dekabrda Russiýa gaçypdy we 1963-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Baas partiýasynyň režimi tamamlanypdy.

Başar Asady agdarmak üçin anti-režim güýçlerine ýolbaşçylyk eden Ahmed Aş-Şaraa 29-njy ýanwarda geçiş döwrüniň prezidenti diýlip yglan edildi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us