SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşiniň gowşamagy üçin Ženewada gepleşik geçirilýär
Trampyň täze gümrük salgytlary we Hytaý bilen başdan geçirilýän söwda düşnüşmezligi bazalara uly zeper ýetirýä
ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşiniň gowşamagy üçin Ženewada gepleşik geçirilýär
May 10, 2025

Hytaýyň Wise-premýeri He Lipeng, şenbe güni Ženewada ABŞ-nyň Gaza ministri Skott Bessent bilen duşuşdy.

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, duşuşykda halkara ykdsadyýete ýaramaz täsirini ýetiren söwda söweşiniň gowşamagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bessent bilen ABŞ-nyň Söwda ministriniň wekili Greer soňky hepdelerde möwjän dartgynlykdan soň He bilen Ženewada duşuşmagy meýilleşdirýärdi.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen iki ýurdunyň arasynda import salgytlary 100 göterimden gowrak ýokarlady.

Ady agzalýan söwda düşnüşmezligi, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň geçen aý birnäçe ýurda salgyt girizmek baradaky karary bilen birleşip üpjünçilik zynjyrlaryny bozdy. Halkara maliýe bazarlaryny durnuksyzlaşdyrdy we ykdysady çökgünlik howpyny artdyrdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, anna güni beren beýannamasynda, Hytaýda öndürlen harytlara goýlan 80 göterimlik salgydyň ýerliklidigini nygtapdy.

Tramp bu beýannaty bilen Hytaýda öndürlen harytlara 145 göterim salgyt goýmak baradaky karara alternatiw hökmünde ilkinji gezek belli bir nyrh teklip etdi.

Gizlin ýer

Gepleşikleriň geçirilýän ýeri gizlinlikde saklanýar. Emma şaýatlardan biri Ženewanyň al-ýaşyl öwüsýän çetki etrapçalarynyň birinde köp sanly polisiýa ulagynyň bardygyny mälim etdi.

Hytaýly wekiliýetiň Ženewa kölüniň kenarynda ýerleşýän myhmanhanada bolýandygy öňe sürülýär.

Amerikaly wekiliýetiň hem şol myhmanhadan çykandygy mälim edildi. ABŞ-nyň Gaza ministri Skott Bessent metbugata beýanama bermekden ýüz öwürdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us