Russiýa, Ukrainanyň Donesk sebitiniň günbatarynda ýerleşýän ýene-de bir obanyň gözegçiliginiň ele geçirlendigini mälim etdi.
Rus güýçleri goňşy Dnipropetrowsk sebitine tarap barýar.
Üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde hüjümler güýçlenýär. ABŞ-nyň öňbaşçylygynda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin başladylan gepleşikler henize çenli hiç hili netije bermedi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, rus esgerleriniň Myrne obasynyň gözegçiligini ele geçirendigini mälim etdi. Oba Sowet Soýuzy döwründe “Karl Marks” obasy hökmünde bilinýärdi.
Myrne obasy, Donesk we Dnipropetrowsk sebitiniň arasynda ýerleşýär. Goranmak ministrligi obany almak üçin duşman güýçleri bilen söweşendiklerini mälim etdi.
Moskwa, ýekşenbe güni bu oba bilen birlikde jemi 2 obanyň gözegçiliginiň ele geçirlendigini aýan etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi günüň irki sagatlarynda, Doneskiň gündogarynda ýerleşýän Myhaýlowka obasynyň ele geçirlendigini mälim edipdi.
“Russiýanyň jellatlary”
Beýleki tarapdan Ukrainanyň razwetka gullugy, geçen hepde Kiýewde razwetka gullugynyň işgäri İwan Woroniçiň öldürilmegine sebäp bolan rus içalysynyň tussag edilmegi üçin giň gerimli operasiýanyň geçirlendigini mälim etdi. Paýtagt Kiýewde geçirlen operasiýanyň çäginde bolan çaknyşykda rus içalylarynyň öldürlendigi nygtaldy.