DÜNÝÄ
1 minut okamak
Günorta Koreýa sişenbe güni täze prezidentini saýlar
Günorta Koreýa, ozalky prezidentiň wezipesinden boşadylmagyndan soň irki saýlawda täze liderini saýlamak üçin taýarlyk görýär.
Günorta Koreýa sişenbe güni täze prezidentini saýlar
June 2, 2025

Günorta Koreýalylar sişenbe güni ýurdu 5 ýyl gönükdirjek täze prezidentini saýlamak üçin ses berer.

Saýlawa gatnaşýan dalaşgärler saýlawçylardan has köp ses almak üçin bäsleşýär.

Saýlaw kampaniýasy döwründe oppozisiýadaky Koreýa Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Že-mýung, häkimiýetiň başyndaky Halkyň güýji partiýasynyň dalaşgäri Kim Mun-Sudan öňde barar. Saýlawda jemi 6 dalaşgär bäsleşer.

Ýonhap habarlar gullugy iki dalaşgäriň duşenbe güni paýtagt Seulda soňky gezek saýlaw kampaniýasyny geçirendigini habar berdi.

Geçirlen soňky sowalnama görä, 61 ýaşyndaky aklawçy we syýasatçy Li 49,2 göterim bilen öňde barýar.

73 ýaşyndaky ozalky Zähmet ministri Kim bolsa 36,8 göterim bilen ikinji ýerde barýar.

Konserwatiw Täze Reforma partiýasynyň dalaşgäri Li Žun Sok bolsa 10,3 göterim bilen üçünji ýerde barýar.

Ozalky Prezident Ýun Suk Ýeoliň geçen ýylyň dekabr aýynda harby ýagdaý yglan etmäge synanşmagy sebäpli wezipesinden çetleşdirilmeginden soň geçirilýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan günorta koreýalylar prezident saýlawlary üçin ses berdi.

Milli Saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä ýurtda bellige alynan jemi 44,4 million adam saýlawda ses berer.

Saýlaw ýerli wagt boýunça irden sagat 6.00-da başlar. Saýlaw sebäpli ýurtda resmi dynç alyş yglane dildi.

Saýlawyň netijeleriniň ertir belli bolmagyna garaşylýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us