Russiýa, Owganystanyň Moskwadaky täze ilçisiniň ynanç hatyny kabul edendigini mälim etdi we şeýlelikde Taliban hökümetini ykrar eden ilkinji ýurt boldy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden penşenbe güni berlen beýannamada, “Owganystan Yslam Emirligi hökümetiniň resmi taýdan ykrar edilmegi, ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berer” diýildi.
Owganystanyň Daşary işler ministrligi hem Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Dmitrý Žirnowyň Talibanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttag bilen duşuşandygyny we bu kararyň diýseň möhümdigini aýan etdi.
Žirnow bu karary “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi taýdan taryhy başlangyç” hökmünde häsiýetlendirdi.
Owganystanyň Daşary işler ministrligi “Bu karar iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berer” diýip beýannama berdi.
Owganystanyň Daşary işler ministri Muttag, kararyň özara hyzmatdaşlygy artdyrjakdygyny we Owganystan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini nygtady.
Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Dmitrý Žirnow Rossiýa-1 kanalyna beren beýannamasynda, bu kararyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň teklibine laýyklykda Prezident Wladimir Putin tarapyndan kabul edilendigini aýtdy.
Russiýa şeýlelikde Talibanyň ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetini resmi taýdan ykrar eden ilkinji ýurt boldy.
2021-nji ýylda Talibanyň häkimiýetiň başyna geçmeginden soň BMG-na agza ýurtlar Kabuldaky wagtlaýyn Taliban hökümetini ykrar etmändi.